Hazar deňziniň geljegi ekologiýa we ylmy çemeleşmelere bagly

Hazar deňziniň derejesiniň peselmegi diňe bir tebigata däl, eýsem, kenarýaka infrastrukturasyna we ykdysadyýete hem täsir edýär. Şonuň üçin deňziň ekoulgamyny goramak, tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak we ýüze çykýan töwekgelçilikleri ylmy taýdan öwrenmek möhüm wezipeleriň hatarynda durýar.

Bu meseleler Aşgabatda geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» atly halkara maslahatda hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň Hazar deňzi institutynyň direktory Myrat Atajanow deňziň derejesiniň üýtgemeginiň portlaryň işine, deňiz platformalaryna we suwasty turbageçirijilere ýetirýän täsiri barada çykyş etdi.

Hazar deňziniň suwunyň derejesiniň üýtgemegi deňizdäki önümçilik desgalarynyň iş şertlerine täzeden garamagy, şeýle hem geljekde ýüze çykyp biljek töwekgelçilikleri öňünden bahalandyrmagy talap edýär. Munuň üçin ylmy barlaglaryň netijelerine esaslanmak, häzirki zaman tehnologiýalaryny ulanmak we daşky gurşawyň ýagdaýyna yzygiderli gözegçilik etmek zerurdyr.

Hazar deňzi bitewi ekoulgam bolup, ondaky tebigy hadysalar ähli kenarýaka ýurtlaryna täsir edip biler. Şoňa görä-de, hünärmenleriň arasynda ylmy maglumatlary alyşmak we bilelikdäki barlaglary geçirmek deňziň ýagdaýyna has dogry baha bermäge ýardam eder.

Hazar deňzini goramak bilen ykdysady mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmak biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ylmy taýdan esaslandyrylan çözgütler tebigy baýlyklary howpsuz özleşdirmäge, ekologiýa töwekgelçiliklerini azaltmaga we deňziň özboluşly tebigatyny geljekki nesiller üçin gorap saklamaga mümkinçilik berýär.

Aýjemal Durdyýewa,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-niň talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok