2026-njy ýylyň 14–16-njy oktýabrynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektory Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrdy. Saparyň esasy maksady iki ýurduň arasynda ylym-bilim gatnaşyklaryny ösdürmek we wodorod energetikasy boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmek boldy.
Saparyň dowamynda Sukuba uniwersitetiniň prezidenti Keýsuke Nagata bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşykda bilelikdäki ylmy barlaglary guramak, ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak we tebigy gazdan wodorod öndürmegiň innowasion tehnologiýalaryny ösdürmek meselelerine garaldy. Bu ugurdaky hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Sukuba uniwersitetiniň arasynda 2025-nji ýylyň 7-nji aprelinde gol çekilen özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama esaslanýar.
15-nji oktýabrda türkmen wekiliýeti Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat ministrliginiň (METI) Tebigy serişdeler we energetika agentliginiň, şeýle hem Täze energiýa we senagat tehnologiýalaryny ösdürmek guramasynyň (NEDO) wekilleri bilen duşuşdy. Mundan başga-da, wekiliýet Chiyoda korporasiýasynyň Kiyasu Research Park ylmy-barlag merkezine baryp gördi. Saparyň çäklerinde Sukuba uniwersitetiniň Wodorod baglanyşyklaryny öwreniş merkeziniň (HBRC) we TIAR ylmy-barlag institutynyň alyp barýan işleri bilen hem tanyşyldy.
Duşuşyklarda hünärmenleri taýýarlamak meselesine aýratyn ähmiýet berildi. Häzirki wagtda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň üç mugallymy Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentliginiň (JICA) goldaw berýän «SDGs Global Leader» maksatnamasynyň çäklerinde Sukuba uniwersitetinde hünär derejesini ýokarlandyrýar.
Bu sapar Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda ylym, bilim we innowasion tehnologiýalar ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen möhüm ädimleriň biri boldy. Geçirilen duşuşyklar bilelikdäki ylmy-barlag işlerini giňeltmek we wodorod energetikasyny ösdürmek boýunça täze mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşmaga uly şert döretdi.
Enejan ÇARYÝEWA,
Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň 14-nji orta
mekdebiniň müdiriniň okuw işleri boýunça orunbasary.
Teswirler