Şu gün ýurdumyzyň welaýatlarynda köpçülikleýin pagta ýygymyna badalga berildi. Täze möwsümde pagta hasylyny öz wagtynda ýygnap almak üçin degişli tehnikalar, kabul ediş nokatlary we beýleki önümçilik ulgamlary taýýarlanyldy.
Pagta ýygymyna gatnaşjak kombaýnlar, traktorlar we ýük ulaglary möwsüme taýýarlanyp, ýygnalan hasyly kabul ediş nokatlaryna bökdençsiz daşamak üçin zerur işler geçirildi.
Gowaça kabul ediş nokatlarynda hasyly kabul etmek, agramyny takyk kesgitlemek we deslapky işlemek üçin şertler döredildi. Ölçeýiş enjamlarynyň taýýarlygyna we önümçiligiň yzygiderli guralmagyna aýratyn üns berildi.
Pagtaçylyk möwsüminde daýhanlaryň, mehanizatorlaryň we sürüjileriň netijeli zähmet çekmegi üçin hem zerur şertleriň döredilmegi göz öňünde tutuldy.
Ýygnalýan gowaça ýurdumyzyň dokma senagaty üçin möhüm çig mal çeşmeleriniň biridir. Onuň öndürilişiniň we gaýtadan işlenilişiniň artmagy dokma kärhanalarynyň çig mal üpjünçiligini gowulandyrmaga hem-de taýýar önümleriň öndürilişini giňeltmäge mümkinçilik berýär.
Şu ýylky pagta ýygymynyň Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk baýramynyň bellenilýän döwrüne gabat gelmegi hem önümçilik möwsümine aýratyn many berýär. Pagtaçylar tarapyndan ýygnalýan hasyl ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň möhüm görkezijileriniň biri bolup durýar.
Hiwaly Hümmedow,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-niň uly mugallymy
Teswirler