Hytaý Halk Respublikasynyň Uhan şäherinde Hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-hytaý hökümetara toparynyň Ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça kiçi komitetiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň web-saýtynda habar berlişi ýaly, duşuşyga Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti, kiçi komitetiň türkmen böleginiň başlygy Allaberdi Aşirow we Hytaýyň Ylym we tehnologiýalar ministriniň orunbasary, komitetiň hytaý böleginiň başlygy Çžan Guançžun ýolbaşçylyk etdiler.
Mejlisiň dowamynda öňki duşuşykdan bäri alnyp barlan işler seljerildi. Taraplar ozal gazanylan ylalaşyklaryň üstünlikli ýerine ýetirilendigini, iki ýurduň ylmy-barlag edaralarynyň we hünärmenleriniň dürli ugurlarda netijeli hyzmatdaşlyk edýändigini bellediler.
Ylmy-tehniki hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda ylmy gazananlary nebit-gaz we energetika pudaklaryna ornaşdyrmak, nebitgaz himiýasy we nanomateriallar boýunça tejribe alyşmak, emeli aň ulgamynda akademiki binýady berkitmek hem-de amaly başarnyklary ösdürmek meseleleri görkezildi. Şeýle hem seýsmiki töwekgelçilikleri azaltmak, sintetiki biologiýa we genleri takyk redaktirlemek tehnologiýalaryny oba hojalygynda ulanmak boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmek göz öňünde tutulýar.
Mundan başga-da, çölleşmä garşy göreşmek, biologik köpdürlüligi gorap saklamak, gowaçanyň seleksiýasy we suw tygşytlaýjy suwaryş ulgamlary boýunça bilelikdäki işleri ösdürmek meselelerine üns berildi. Taraplar bellenen ugurlarda amaly hyzmatdaşlygy giňeltmek we bilelikdäki ylmy-barlag taslamalaryny durmuşa geçirmek barada ylalaşdylar.
Duşuşykda 2026-njy ýylyň aprelinde gol çekilen «Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Ylym we tehnologiýalar ministrliginiň arasynda ylmy-tehniki we innowasion hyzmatdaşlyk barada 2026–2028-nji ýyllar üçin Maksatnama» hem-de onuň Meýilnamasy ýokary bahalandyryldy.
Maýagül BAÝRAMOWA,
Daşaguz şäheriniň 33-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi.
Teswirler