Gallaçylaryň zähmet ýeňşi mynasybetli çagalara ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy

Türkmen gallaçylarynyň gazanan zähmet ýeňşi mynasybetli Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde bejergi alýan we saglyklaryny dikeldýän çagalara Türkmenistanyň Prezidentiniň we Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan ýörite sowgatlar gowşuryldy.

Sowgatlary gowşurmak dabarasynyň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde bejergi alýan çagalaryň çykyşlaryna orun berildi. Olar sazlaşykly ösüşi we sagdyn bolmaklary ugrunda yzygiderli alada edilýändigi üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa, Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hoşallyk sözlerini beýan etdiler. Geçirilýän çäreleriň ählisi ýurdumyzda hereket edýän “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň subutnamasydyr.

Dünýäniň öňdebaryjy kärhanalarynyň ýokary tehnologiýaly enjamlary bilen üpjün edilen merkezde bejergi alýan, saglyklaryny berkidýän çagalar üçin ähli zerur şertler we mümkinçilikler döredilendir.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok