Dost-doganlyk taglymaty

Hemişelik Bitaraplyk ýurdumyzyň aýratyn halkara hukuk ýagdaýy bolup, ol halkara parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmegiň möhüm serişdesi bolup durýar. Bu ugurda Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy we onuň düzümleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýar. Milli Liderimiziň taýsyz tagallasy bilen Aşgabatda BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleriniň birini, ýagny Taslamalara hyzmat etmek baradaky müdirliginiň wekilhanasyny açmak hakynda hödürlenen taslamanyň we teklibiň makullanylmagy netijeli hyzmatdaşlygyň geriminiň giňeldilmegine aýratyn gyzyklanma bildirilýändiginiň şaýadydyr. Türkmenistan ençeme gezek ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen başlangyçlar bilen çykyş etdi. Oňyn başlangyçlaryň we teklipleriň biri hem ählumumy howpa — täze görnüşli howply ýokanç kesele garşy göreşmekde hem-de onuň ýaýramagy bilen ýüze çykan durmuş-ykdysady täsirleri azaltmakda halkara jemgyýetçiligiň tagallalaryny berkitmekden ybaratdyr. Bu bolsa Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan gelip çykýan wezipe-borçlaryna ygrarlydygyna şaýatlyk edýär.

Hemişelik Bitaraplyk dünýäniň halklary we sebitleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ileri tutýan hem-de halkara hukuk kadalaryny we borçnamalaryny gyşarnyksyz berjaý edýän ýurt hökmünde Watanymyzyň abraýynyň has-da artmagyna getirdi. Dünýäniň ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklary ýola goýmak, iri halkara guramalary, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasy bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmek milli Liderimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň esasy ugry bolup durýar. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasyny, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn halkara Ylalaşyklaryny, şertnamalaryny, konwensiýalaryny ykrar edýär, şeýle hem halkara borçnamalaryny doly we dogry ýerine ýetirýän döwletimiz ägirt uly syýasy, ykdysady we oňyn mümkinçilikleri ählumumy parahatçylygyň we ösüşiň bähbitlerine ulanmaga gönükdirýär.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 2017-nji ýylyň 18-nji fewralynda bolup geçen giňişleýin mejlisinde «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017 — 2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy» kabul edildi. Ady agzalan Konsepsiýada öňden gelýän taryhy-medeni gatnaşyklary birleşdirýän goňşy ýurtlar we sebitiň döwletleri bilen mundan beýläk hem dostlukly hyzmatdaşlygy berkitmek we netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça anyk meýilnamalar we ugurlar bellenildi. Konsepsiýada Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan kabul edilen Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmak Türkmenistanyň dünýä giňişligindäki işiniň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Hususan-da, energetika we energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, durnukly ulag ulgamyny döretmek, ekologiýa we daşky gurşawy goramak, azyk howpsuzlygy ulgamlarynda derwaýys wezipeleriň sazlaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamak boýunça dünýäniň döwletleri hem-de halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk has-da işjeňleşdirilýär.

Arslan RZAKOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok