Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Waşington şäherinde ýerleşýän Halkara pul gaznasynyň (HPG) binasynda 2026-njy ýylyň 22-nji aprelinde Türkmenistanyň ABŞ-daky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Esen Aýdogdyýew bilen Gaznanyň Ýerine ýetiriji direktory Patryk Ložewskiniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar milli edaralar bilen utgaşykly hyzmatdaşlygy güýçlendirmek we ileri tutulýan ugurlar boýunça amaly hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerine aýratyn üns berdiler.
Duşuşykda Türkmenistan bilen Halkara pul gaznasynyň arasynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de geljekki mümkinçilikleri barada pikir alyşmalar boldy.
Türkmenistanyň wekili halkara maliýe guramalary bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge taýýardygyny nygtap, netijeli dialogyň möhüm ähmiýete eýedigini aýtdy.
Duşuşygyň netijesinde taraplar geljekde netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.
Gaýrat BEGALYÝEW,
Halkara senagatçylar we
telekeçiler uniwersitetiniň talyby.
Teswirler