Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasynyň guramagynda Ankara şäherinde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Medeni çärä atçylyk hünärmenleri, türkmen diasporasynyň agzalary, talyp ýaşlar hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşyp, türkmen bedewine goýulýan belent sarpa ýene-de bir gezek aýdyň beýanyny tapdy.
Çykyşlarda bellenilişi ýaly, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» şygary bilen geçýän şu ýyl türkmen bedewiniň halkymyzyň durmuşyndaky aýratyn ornuny has-da şöhlelendirýär. Nygtalyşy ýaly, bedewiň keşbi diňe bir milli buýsanjyň nyşany bolman, eýsem ýurdumyzyň ösüşiniň, okgunly öňe gidişiniň hem alamaty hökmünde kabul edilýär.
Çäräniň dowamynda ahalteke bedewleriniň dünýä medeni mirasyndaky gymmaty, olaryň taryhy kökleri hem-de häzirki döwürde ösdürilmegine döwlet derejesinde berilýän uly üns barada giňişleýin gürrüň edildi. Çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň we türkmen halkynyň Milli Lideriniň baştutanlygynda behişdi bedewleriň şöhratyny dünýä ýaýmak ugrunda alnyp barylýan giň gerimli işleriň ähmiýetini aýratyn bellediler.
Baýramçylyk çäresiniň çäklerinde guralan fotosergi myhmanlarda uly gyzyklanma döretdi. Onda ahalteke bedewleriniň gözelligini, nepisligini we şöhratly taryhyny şöhlelendirýän täsirli suratlar görkezildi. Bu sergi türkmen bedewiniň dünýä medeniýetindäki aýratyn ornuny açyp görkezýän özboluşly medeni meýdança öwrüldi.
Çärä gatnaşyjylar şeýle dabaralaryň milli gymmatlyklary wagyz etmekde, dostlukly halklaryň medeni gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda hem-de türkmen bedewiniň şöhratyny halkara giňişliginde dabaralandyrmakda möhüm ähmiýete eýedigini bellediler.
Aýlar ANNAREJEPOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.
Teswirler