Ýaş zehinler döredijilik bäsleşiginde üstünlik gazandylar

2026-njy ýylyň 4-nji martynda Türkmenistanyň Oguzhan adyndaky inžener-tehnologiýalary uniwersitetinde “Altyn asyryň altyn zehinleri” atly döredijilik (taslama) bäsleşigi geçirildi. Bu bäsleşik ýaşlaryň ylmy-döredijilik mümkinçiliklerini ýüze çykarmaga, olaryň täze pikirlerini we taslamalaryny jemgyýetçilik durmuşyna giňden ornaşdyrmaga gönükdirilen ähmiýetli çäreleriň biri boldy.

Bäsleşige ýurdumyzyň dürli bilim ojaklarynyň zehinli okuwçylary gatnaşyp, dürli ugurlar boýunça taýýarlan ylmy-döredijilik taslamalaryny hödürlediler. Şolaryň hatarynda Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň 12-nji synp okuwçylary Oraz Penjiýew bilen Gafurmämmedow Bilalyň taýýarlan “Gahryman Arkadagymyzyň eserlerindäki rowaýatlar terbiýe mekdebiniň täze ýörelgesidir” atly taslamasy aýratyn üns çekdi.

Taslamanyň ylmy ýolbaşçylary hökmünde şol mekdebiň ýokary derejeli türkmen dili we edebiýaty mugallymy Gülälek Orazgylyjowa hem-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň halk döredijiligi bölüminiň müdiri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Güljemal Kummanowa çykyş etdiler.

Taslamanyň esasy maksady Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde beýan edilýän rowaýatlaryň edebi, terbiýeçilik we ahlak taýdan ähmiýetini seljerip, olaryň ýaş nesli terbiýelemekdäki ornuny giňden açyp görkezmekden ybaratdyr.

Taslamanyň täzeçillik taraplarynyň biri hökmünde Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde ýerleşdirilen rowaýatlaryň ilkinji gezek aýratyn seljerilip, ýygnalmagy we olaryň mazmuny hem-de tematikasy boýunça toparlara bölünmegi görkezilýär. Şeýle hem taslama çäklerinde döredilen mobil goşundyda we web-saýtda diňe rowaýatlaryň tekst görnüşi ýerleşdirilmän, eýsem olaryň mazmunyna degişli suratlar, animasiýaly audio we wideo kontentleriň hem ulanyjylara hödürlenmegi göz öňünde tutulýar.

Taslamanyň çäklerinde birnäçe möhüm teklipler hem öňe sürüldi. Hususan-da, bu taslama işini bir bitewi mobil goşundy we web-saýt görnüşinde taýýarlap, ähli ulanyjylar üçin elýeterli etmek meýilleşdirilýär. Şeýle hem dörediljek mobil goşundyny mekdep mugallymlarynyň sapaklarynda peýdalanmaklary üçin ylmy-usuly gollanma hökmünde ulanmak teklip edilýär.

Geljekde bolsa bu mobil goşundyny her ýyl 1-nji synpa täze okuwa barýan okuwçylara Hormatly Prezidentimiz tarapyndan sowgat berilýän “Bilimli” atly akylly kompýuterlerine ornaşdyrmak baradaky başlangyç hem öňe sürülýär.

Şeýle-de taslamanyň iň esasy teklipleriniň biri hökmünde türkmen halkynyň müňýyllyklardan gözbaş alýan baý edebi mirasynyň möhüm bölegi bolan rowaýatlaryň terbiýeçilik güýjüne aýratyn üns çekilýär. Rowaýatlaryň köplenç hakykatda bolup geçen wakalara esaslanýandygy olaryň okyjy we diňleýji üçin täsirini has-da güýçlendirýär. Şundan ugur alnyp, Watanyň we halkyň bähbidi ugrunda uly işler bitiren şahsyýetlere bagyşlanyp rowaýatlaryň döredilmeginiň hem möhüm ähmiýete eýe boljakdygy bellenilýär. Şol sebäpli hem Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza bagyşlanan rowaýatlaryň ýazylmagy baradaky teklip öňe sürülýär.

Netijede, bu taslama türkmen dili we edebiýaty dersi boýunça bäsleşikde ýokary baha mynasyp bolup, I orna eýe boldy. Bu üstünlik ýaşlaryň milli edebi mirasa bolan gyzyklanmasynyň artýandygyny we onuň häzirki zaman tehnologiýalary arkaly giňden wagyz edilmeginiň möhüm ähmiýete eýedigini görkezýär.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok