Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda her okuw ýylynyň dowamynda hereket edýän kafedralaryň hepdeliklerini geçimek eýýäm birnäçe ýyl bäri däbe öwrildi. Hepdeliklerde meýilnama boýunça birnäçe çäreleriň geçirilmegi onyň täsirliligini has-da artdyrýar.
Ýakynda konserwatoriýanyň “Sazyň taryhy” kafedrasynyň hedeligi hem ýokary derejede geçirildi. Hepdeligiň meýilnamasyna birnäçe ylmy-amaly maslahatlaryň, halypalar bilen döredijilik duşuşuklarynyň, ussatklyk sapaklaryny ýer almagy ýaşlaryň bu ugurda ýokary bilime eýe bolmagyna özüniň peýdaly netijelerini berýär.
Hepdeligiň ilkinji güninde “Türkmen sazşynaslyk ylmynyň derwaýys meseleleri” ady bilen türkmen kompozitorçylyk mekdebiniň ussat halypalary D.Öwezowyň, W.Muhadowyň, S.Tüýliýewiň ýubileýlerine bagyşlanan ylmy-amaly maslahaty, halypa kompozitorlaryň döredijiligini öwrenmäge bagyşlanypdyr. Ylmy-amaly maslahata konserwatoriýanyň halypa mugallymlary we talyp ýaşlary bilen birlikde, ýörite sazçylyk mekdeplerinden birnäçe mugallymlary hem gatnaşdylar. Maslahatda edilen çykyşlarda kompozitorlaryň döreden eserlerini profesional derejede öwrenilip, häzirki günlerimizde saz sungatynda eýeleýän orny beýan edilipdir. Hepdeligiň çäginde geçirilen kafedranyň uly mugallymy G.Ataýewanyň gurnamagyn “Mukamyň syry” kinofilminiň sazynda milli däpler diýilip atlandyrylan leksi-konserti aýratyn bellenilmeli çäreleriň biridir. Onda tükmen kino sungatynda uly orun eýelýän bu filmiň sazynyň aýratynlygy, ussat kompozitor N. Halmämmedowyň bu ugurdaky zähmeti hakynda gyzyky maglumatlar berilýär. Aýratyn bellenilmeli zatlaryň biri hem filimdäki gahrymanlaryň keşbini janlandyran konserwatoriýanyň halypa mugallymy Akmyrat Çaryýewiň filimiň düşirilşi hakynda gyzyky maglumatlary bermegi, filimdäki dutar sazlaryny ýerine ýetirip bermegi has-da ýatda galyjy pursatlary döretdi.
Hepdeligiň üçinji güni talyp ýaşlara tarkmen halk sazlarynyň aýratynlygy dogrusynda, sazşynaslyk tarapyndan seljerilmegi barada Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymy, halypa sazşynas Öwezmyrat Gandymow bilen geçirilen duşuşyk bilen dowam etdi. Halypa mugallym ýyllaryň dowamynda ýygnan sazşynaslyk we kompozitorçylyk tejribesini ýaşlar bilen sorag-jogap alyşmak arkaly paýlaşdy. Türkmen saz sungatynda asyrlaryň dowamynda halypalardan bize gelip ýeten mukamlaryň aýratynlygy, olaryň atlandyrylşynyň gelip-çykyşy, guruluş aýratynlygy halynda ylmy maglumatlary berdi.
Hepdeligiň dowamynda geçirilen uly göwrümli çäreleriň biri hem “Dünýä saz folklory ýaşlaryň ylmy gözleglerinde” ady bilen geçirilen talyplaryň ylmy-amaly maslahatydyr. Kafedranyň uly mugallymy Bahargül Ýakubowamyň gurnamagynda her ýyl hepdeligiň çäginde geçirilýän bu ylmy-amaly maslahaty “Sazşynaslyk” hünäriniň talyplary üçin ylmy çykyşlary taýýarlamakda tejribeleriň ilkinjisi bolup durýar. Bu günki maslahatda hem talyp ýaşlaar özlerini gyzyklandyrýan temalary alyp taýýarlanyp gelmekleri olaryň bu ugurda öňe gitmegine oňyn netijelerini berýär.
Umuman bir hepdäniň çäginde geçirilen ylmy-amaly mashatalar, halypla mugallylary ussatlyk sapaklary, ýaş mugallymlaryň açyk sapaklary we döredijilik duşuşuklary hepdeliiň täsirliligini has-da artdyrdy. Geçirilen çärelere gatnaşan mugallymlar we talyp ýaşlar okamaga öwrenmäge döredilip berilýän ähli mümkinçilkleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz hoşallyklaryny aýtdylar.
Röwşen ATAÝEW,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli
konserwatoriýasynyň “Sazyň taryhy” kafedrasynyň
mugallymy.
Teswirler