2026-njy ýylyň 20-nji maýynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 82-nji plenar mejlisinde «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi goldamakda hem-de berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi.
Türkmenistanyň başlangyjy bilen taýýarlanan resminamanyň awtordaşy hökmünde 47 döwlet çykyş etdi. Kararnamada Türkmenistanyň bitaraplyk, öňüni alyş diplomatiýasy we parahatçylygy pugtalandyrmak ugurlarynda alyp barýan işlerine ýokary baha berilýär. Şeýle hem, ýurduň BMG-niň maksatlaryna laýyklykda halkara dialogy ösdürmek boýunça edýän tagallalary aýratyn nygtalýar.
Hemişelik Bitarap Türkmenistan özara hormata, düşünişmäge we hyzmatdaşlyga esaslanýan gatnaşyklary berkitmek arkaly sebitde we dünýäde durnukly ösüşe hem-de howpsuzlyga goşant goşmagy dowam etdirjekdigini tassyklaýar.
Şamaral GARAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.
Teswirler