Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň bellenilmegi mynasybetli 2026-njy ýylyň 24-nji aprelinde Suhumi döwlet uniwersitetinde ýerleşýän Magtymguly Pyragy adyndaky auditoriýada Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasynyň guramagynda türkmen-gruzin gatnaşyklaryny ösdürmegiň möhüm meselelerine bagyşlanan tegelek stol geçirildi.
Çärä Türkmenistandan gelen alymlar, uniwersitetiň talyplary hem-de professor-mugallymlary gatnaşdylar.
Uniwersitetiň rektory hanym T. Jugeli gatnaşyjylary mähirli garşy alyp, türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň netijeli we özara bähbitli ösdürilýändigini belledi. Şeýle hem ol ylym, bilim we medeniýet ugurlarynda hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine uly ähmiýet berilýändigini aýtdy. Uniwersitetleriň hem-de degişli düzümleriň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy pudagara hyzmatdaşlygyň çuňlaşmagyna oňyn täsir ýetirýändigi nygtaldy. Bu çäre hem şeýle hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly hökmünde görkezildi.
Çykyş edenler Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda syýasy, ykdysady, medeni we durmuş ugurlarynda uly üstünlikler gazanandygyny aýratyn bellediler. Şeýle hem Gahryman Arkadag tarapyndan başy başlanan özgertmeleriň häzirki wagtda Prezident Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýändigi aýdyp geçildi.
Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisi D. Seýitmämmedow öz çykyşynda şu ýylda Garaşsyzlygyň 35 ýyllygynyň giňden bellenilýändigini belläp, Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygynyň ýokary derejä ýetendigini we durnukly ösüş görkezýändigini aýtdy. Onuň sözlerine görä, bu hyzmatdaşlyk syýasy, ykdysady we ylym-bilim ugurlaryny öz içine alyp, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna hyzmat edýär. Şeýle hem ýokary derejeli saparlaryň özara ynamy berkitmekde we hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedigi nygtaldy.
Tegelek stola gatnaşyjylar Türkmenistanyň we Gruziýanyň geografik taýdan amatly ýerleşişiniň Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda üstaşyr geçelgeleri ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri açýandygyny bellediler.
Mundan başga-da, çäräniň dowamynda türkmen wekiliýetiniň agzalary çykyş edip, türkmen-gruzin hyzmatdaşlygynyň taryhy, edebi we medeni ugurlary hem-de Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşinde gazanylan üstünlikler barada giňişleýin maglumat berdiler.
Dawut BEGLIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.
Teswirler