Şu gün ýurdumyzyň ähli künjegindäki umumy bilim berýän orta mekdeplerde 12-nji synpy tamamlaýan okuwçylaryň «Soňky jaň» dabaralary geçirildi. Bu şatlykly waka diňe bir mekdebi tamamlaýan okuwçylaryň däl, eýsem, olaryň ene-atalarynyň hem, mekdep mugallymlaryň hem durmuşynda ýatdan çykmajak wakalaryň biri bolup durýar.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda mekdebi tamamlaýan ýaşlar bu aýratyn günde mugallymlaryna uly hormat goýýarlar, olara gül desselerini sowgat berýärler. Sebäbi mugallymçylyk jemgyýetde iň hormatlanýan kärleriň biridir.
Bilim ministrliginiň maglumatlaryna görä, şu ýyl Aşgabat şäherinde 12 müň 851, Arkadag şäherinde bolsa 237 okuwçy mekdep bilen hoşlaşýar.
Welaýatlar boýunça uçurymlaryň sany şeýle: Ahal welaýatynda 14 müň 337, Balkan welaýatynda 8 müň 680, Daşoguz welaýatynda 23 müň 798, Lebap welaýatynda 23 müň 700-e golaý, Mary welaýatynda bolsa 25 müňden gowrak okuwçy orta mekdebi tamamlaýar.
2025–2026-njy okuw ýylynyň tamamlanmagy hem-de Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli dürli dabaralar guralyp, Garaşsyzlyk binasyna, şeýle hem birnäçe ýadygärliklere we Baş baýdak meýdançalaryna gül goýmak çäreleri geçirilýär.
Älemşa REJEPOW,
Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň
Usulyýet işleri bölüminiň arhiwçisi.
Teswirler