Döwlet kitaphanasynda halkara medeni hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyna Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultan Raýew myhmançylyk saparyny amala aşyrdy.

Myhman milli däp-dessurlara laýyklykda duz-çörek bilen garşy alnyp, kitaphana boýunça giňişleýin gezelenç guradyldy. Saparyň dowamynda kitaphananyň bölümleriniň alyp barýan işleri, şeýle hem türkmen halkynyň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligine bagyşlanan sergiler bilen tanyşdy.

Şeýle hem myhman ýazjy-şahyrlaryň eserleriniň ýerleşdirilen hemişelik we wagtlaýyn kitap sergilerini synlady. Hususan-da, “Daşary ýurt dillerindäki edebiýatlar” hem-de “Seýrek neşirler” bölümlerinde bolup, gadymy we gymmatly kitap nusgalary bilen gyzyklandy.

Saparyň dowamynda Sultan Raýew Döwlet kitaphanasyna “Türk dünýasi geleneksel çoсuk oýunlari” atly kitaby sowgat etdi. Öz gezeginde kitaphana tarapyndan myhmana Hormatly Prezidentimiziň “Magtymguly – dünýäniň akyldary” atly eseri gowşuryldy.

Bu görnüşli medeni çäreler we duşuşyklar ýurtlaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmekde hem-de medeni hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe bolup durýar.

Serdar GARAGOÇEW,

Halkara senagatçylar we
telekeçiler uniwersitetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok