Tebigatda bolmak adamyň ruhy we akyl ýagdaýyny ýokarlandyrýar

Alymlaryň geçiren barlaglaryna görä, tebigatda, aýratyn-da tokaýda gezelenç etmek adamynyň ünsüni jemlemek ukybyny ýokarlandyryp, gahary peseltmäge ýardam berýär.

Geçirilen synaglara ýüzlerçe adam gatnaşyp, olaryň arasynda tokaý gezelençlerini halaýanlaryň ünsüni has gowy jemläp bilýändigi, işleri çalt we netijeli ýerine ýetirýändigi hem-de umumy ruhy ýagdaýynyň has ýokarydygy ýüze çykaryldy. Şeýle hem diňe bir sagat tebigatda bolmak aň-bilim ukyplaryny takmynan 20 göterim ýokarlandyryp biler.

Alymlar bu täsiri agaçlaryň, aýratyn-da pürli agaçlaryň bölüp çykarýan fitonsidleri we hoşboý yslary bilen baglanyşdyrýarlar. Şunlukda, gahary peseldip, narpyz ysy — serginlik we ruhy joşgun berip, kedr agajy — akyl işjeňligini höweslendirip, kiparis bolsa — ünsüňi jemlemäge ýardam edip bilýändigi bellenilýär.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok