Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky täze bellenilen hemişelik wekili Wepa Hajiýew BMG-niň Baş sekretaryna ynanç hatyny gowşuryp, ýurdumyzyň halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygynyň täze tapgyryna badalga berdi. Bu bolsa Türkmenistanyň BMG bilen köpýyllyk netijeli gatnaşyklarynyň yzygiderli ösdürilýändiginiň nobatdaky beýany hökmünde häsiýetlendirilýär.
Dabaraly çäreden soň geçirilen duşuşykda türkmen tarapynyň adyndan Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideriniň mähirli salamlary ýetirildi. Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alyşyldy.
Taraplar sebit we halkara derejede parahatçylygy, howpsuzlygy berkitmek, öňüni alyş diplomatiýasyny ösdürmek, araçylyk başlangyçlaryny goldamak hem-de durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek bilen bagly meselelere aýratyn üns berdiler. Şunda ulag-logistika, energetika, ekologiýa we beýleki strategik ugurlarda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri aýratyn bellenildi.
Şeýle hem Wepa Hajiýew BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, Medeniýetler Bileleşigi boýunça ýokary wekili Migel Anhel Moratinos bilen duşuşyk geçirip, özara hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdy. Duşuşykda medeniýetara dialogy pugtalandyrmak, halkara başlangyçlary ilerletmek hem-de parahatçylyga gönükdirilen hyzmatdaşlygy giňeltmek bilen bagly meseleler boýunça pikir alşyldy.
Bilermenleriň bellemegine görä, bu duşuşyklar Türkmenistanyň halkara giňişlikdäki işjeň ornunyň pugtalandyrylýandygyny we BMG bilen strategik hyzmatdaşlygyň täze mazmun bilen baýlaşýandygyny görkezýär.
Selbinýaz GOÇMYRADOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.
Teswirler