2026-njy ýylyň 26-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň mejlisiniň çäklerinde geçiriljek “BMG-niň Tertipnamasynyň maksatlaryny we ýörelgelerini berjaý etmek hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň merkezi ornuna esaslanýan halkara ulgamy berkitmek” atly ýokary derejeli açyk pikir alyşmalaryna gatnaşmak maksady bilen Nýu-Ýork şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi web-saýty habar berdi.
Saparyň dowamynda halkara parahatçylygyny we howpsuzlygyny üpjün etmek, köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de häzirki zaman halkara gatnaşyklarynda BMG-niň ornuny has-da pugtalandyrmak bilen bagly meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagy meýilleşdirilýär. Şeýle-de çäräniň çäklerinde birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklaryň geçirilmegine garaşylýar.
Teswirler