Astanada geçirilen duşuşykda Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýew bilen Gazagystanyň ylym we ýokary bilim ministri Saýasat Nurbek ýokary bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar esasan hünärmenleri taýýarlamak, akademik alyş-çalyşygy giňeltmek hem-de öňki ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça ädimlere üns berdiler. Bu barada Türkmenistanyň habarlar portaly habar berýär.
Türkmen tarapy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen işlenip taýýarlanylan Ýokary bilimi ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyny tanyşdyrdy. Gepleşikleriň dowamynda zähmet bazaryny çaklamak usullary, şeýle hem bilim maksatnamalaryny milli ykdysadyýetiň uzak möhletleýin wezipeleri we demografik görkezijiler bilen utgaşdyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Gepleşikleriň möhüm bölegi türkmen talyplarynyň Gazagystanda bilim almagy bilen baglanyşykly boldy. Taraplar bilimiň hiline gözegçilik etmek, okuw ulgamyny döwrebaplaşdyrmak hem-de tejribe alyşmak boýunça pikir alyşdylar. Gazagystan tarapy aýratynlykda test ulgamyny ösdürmek boýunça öz tejribesini paýlaşdy.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar ýokary okuw mekdepleriniň sanly özgertmeleri we emeli aň tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagyny ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşygyň netijeleri boýunça Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda ylym we ýokary mekdep çygrynda yzygiderli özara hyzmatdaşlyk etmek üçin bilelikdäki iş gurluşyny döretmek barada ylalaşyk gazanyldy.
Teswirler