Hytaý Halk Respublikasynyň Sian şäherinde geçirilen “Merkezi Aziýa — Hytaý” formatynyň ýokary derejeli duşuşygy köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek meselesine bagyşlandy. Duşuşykda gatnaşyjy döwletleriň wekilleri sebitara hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny seljerip, geljekki möhüm ugurlar boýunça pikir alyşdylar.
Maslahatyň dowamynda ozal gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşylyp, 2026–2030-njy ýyllar üçin uzak möhletleýin ösüş strategiýasynyň taslamasyna aýratyn üns berildi. Şeýle hem söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek, maýa goýum hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak hem-de täze ykdysady maksatnamalary durmuşa geçirmek bilen bagly başlangyçlar maslahatlaşyldy.
Duşuşygyň dowamynda “ýaşyl” ösüşe gönükdirilen meýilnamalar, sebitara maýa goýum geňeşini döretmek baradaky teklipler hem-de sanly hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri gün tertibiniň esasy ugurlarynyň biri boldy. Şol bir wagtyň özünde medeni gatnaşyklary berkitmäge gönükdirilen täze taslamalaryň ara alnyp maslahatlaşylmagy formatyň köpugurly häsiýetini görkezdi.
Ýokary derejeli duşuşyklara taýýarlyk görmek bilen bagly meseleler hem aýratyn garaldy. Ministrler derejesindäki öňde boljak çäreleriň tertibi ara alnyp maslahatlaşylyp, 2026-njy ýylyň hyzmatdaşlygyň ýokary hilli ösüş ýyly hökmünde many-mazmunyny baýlaşdyrjak bilelikdäki çäreler boýunça pikir alşyldy.
Türkmenistanyň wekiliýeti duşuşykda deňhukuklylyk, özara hormat we bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine ygrarlydygyny tassyklap, sebitde parahatçylygy, durnukly ösüşi we howpsuzlygy üpjün etmek ugrunda bu formatyň çäklerinde hyzmatdaşlygy işjeň dowam etdirmäge taýýardygyny nygtady.
Selbi GULMYRADOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.
Teswirler