21-nji aprelde S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli professor-mugallymlaryň, aspirantlaryň, hünärmenleriň we talyplaryň ylmy-amaly maslahaty geçirildi.
Maslahata gatnaşyjylar, ilki bilen, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň gazanýan ajaýyp üstünlikleriniň ähmiýetini, ahalteke atlarynyň hoşgylawlylygyny, wepalylygyny hem-de ýurdumyzyň atly sportuny we sirk sungatyny giňden wagyz-nesihat etmek hem-de dabaralandyrmak maksady bilen guralan sergi bilen tanyşdylar. Sergide milli atçylyk däpleri, seýisçilik sungaty we degişli okuw materiallary görkezildi.
Çykyşlarda ýurdumyzda atçylyk pudagynda gazanylan üstünlikler, ahalteke atlaryna goýulýan sarpa, olaryň ylmy taýdan öwrenilişi hem-de sungatdaky we edebiýatdaky beýany giňden beýan edildi. Şeýle-de alymlar bu tohum atlaryň dünýä atçylygynyň ösüşindäki möhüm ornuny belläp geçdiler.
Maslahatda ussat seýis Aba Annaýewiň tejribesi paýlaşyldy we atlary ösdürip ýetişdirmek, ideg etmek boýunça pikir alyşmalar boldy.
Maslahat birnäçe tematik bölümlerde dowam edip, ahalteke atçylyk sungatynyň halkara derejesinde ykrar edilmegi, Arkadag şäheriniň bu ugurdaky ähmiýeti hem-de Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň işi barada gürrüň edildi. Şeýle-de bedew batly öňe barýan Türkmenistanda oba hojalygynyň ösüşi, oba hojalyk ylymlarynyň dürli ugurlaryna degişli ylmy barlaglar hakynda pikir alşyldy. Maslahata gatnaşyjylar Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen gutlap, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolmagyny arzuw etdiler.
Gaýrat KAZAKOW,
S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Gidromeliorasiýa fakultetiniň talyby.
Teswirler