«Geljegiň ýaş zehinleri» atly bilim şüweleňi geçirildi

2026-njy ýylyň 25-nji aprelinde Aşgabat şäheriniň iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 83-nji orta mekdebinde “Geljegiň ýaş zehinleri” atly bilim şüweleňi üstünlikli geçirildi.

Bu çäre ýaşlaryň zehinini ýüze çykarmaga, olaryň bilim we döredijilik ukyplaryny ösdürmäge gönükdirildi. Şüweleňe mugallymlar, okuwçylar hem-de myhmanlar gatnaşdylar.

Çäräniň dowamynda dürli dersler boýunça taýýarlanan sergiler guralyp, okuwçylaryň ylmy-döredijilik işleri giňden görkezildi. Şeýle hem mekdebiň mugallymlary tarapyndan göreldeli sapaklar geçirilip, häzirki zaman okatmagyň täze usullary amaly taýdan görkezildi.

Şüweleňiň dowamynda ýaşlaryň daşary ýurt dillerini, hususan-da iňlis dilini öwrenmäge bolan gyzyklanmalarynyň artýandygy aýratyn bellenildi. Okuwçylaryň taýýarlan taslamalary olaryň giň dünýägaraýyşlylygyny we döredijilikli çemeleşmesini aýdyň görkezdi.

Geçirilen çäre bilim ulgamynda öňdebaryjy tejribeleri ýaýratmaga, ýaş nesliň zehinini ösdürmäge we olaryň geljekki üstünliklerine itergi bermäge hyzmat etdi.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok