Türkmenistanyň mekdep okuwçylary 15–23-nji aprel aralygynda Moskwa şäherinde geçirilen himiýa boýunça 60-njy halkara Mendeleýew olimpiadasynda üstünlikli çykyş edip, ýurdumyzyň adyny belende galdyrdylar. Bäsleşigiň netijelerine görä, Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen mekdep-internatyň okuwçylary iki kümüş hem-de iki bürünç medala mynasyp boldular. Rüstem Jumaýew bilen Diýar Döwletow kümüş medallary, Aýlar Orunowa bilen Pälwan Ilmämmedow bolsa bürünç medallary gazandylar.
Bu üstünlik mynasybetli Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan ýeňiji okuwçylara gymmat bahaly sowgatlaryň gowşurylan dabaraly çäresi geçirildi.
37 döwletden 200-e golaý okuwçynyň gatnaşan olimpiadasynda gatnaşyjylar nazary bilim hem-de tejribe işleri boýunça öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.
Dünýäniň abraýly bilim bäsleşikleriniň biri hasaplanýan Mendeleýew olimpiadasy ýaş himikleri ýüze çykarmaga hem-de himiýa ylmyny ösdürmäge gönükdirilen möhüm meýdança bolup durýar. Türkmen okuwçylarynyň gazanan bu üstünligi milli bilim ulgamynyň ýokary derejesini, ýaşlaryň zehinini we ýurdumyzyň ylmy abraýynyň barha artýandygyny görkezdi.
Kakamyrat ÇARYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.
Teswirler