«Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri ulgamynda startaplar» atly startap bäsleşigi geçirildi

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda Ýewropa Bileleşigi we Germaniýanyň Federal Daşary işler ministrligi tarapyndan maliýeleşdirilýän hem-de Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti (GIZ) tarapyndan durmuşa geçirilýän “Türkmenistanyň ýaşyl ösüşi üçin: Ýewropa Bileleşigi: 2024–2029-njy ýyllar üçin syýasy dialog we howanyň üýtgemegi boýunça hereketler” taslamasynyň çäginde “Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri ulgamynda startaplar” atly bäsleşik üstünlikli geçirildi.

Bäsleşigiň esasy maksady ýaşlaryň innowasion başlangyçlaryny goldamak, ýaşyl ykdysadyýeti ösdürmek hem-de gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri boýunça täze ylmy-tehnologik çözgütleri ýüze çykarmakdan ybarat boldy.

Bäsleşige gatnaşmak üçin jemi 103 sany startap taslama tabşyrylyp, olaryň 53-si saýlama tapgyryndan üstünlikli geçdi. Gatnaşyjylaryň arasynda ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, orta hünär okuw mekdepleriniň talyplary, orta mekdep okuwçylary hem-de beýleki raýatlar bar.

Bäsleşigiň esasy tapgyry 2026-njy ýylyň 9–10-njy apreli aralygynda geçirildi. Çäräniň ilkinji gününde “Energiýa tygşytlaýjy we sanly çözgütler” hem-de “Biomassa we bionergiýa” ugurlary boýunça jemi 33 taslama diňlenildi. Ikinji gününde bolsa “Gün we ýel energiýasy” ugry boýunça 13 taslama hödürlendi.

Gatnaşyjylar tarapyndan gün, ýel we beýleki gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini netijeli peýdalanmaga gönükdirilen täze ylmy garaýyşlar we tehnologik işläp düzmeler görkezildi. Ähli taslamalar eminler topary tarapyndan ylmy-usulyýet derejesi, innowasiýa häsiýeti we amaly netijeliligi boýunça bahalandyryldy.

Netijede, her ugur boýunça ýeňijiler kesgitlenildi.

“Gün we ýel energiýasy – gün panelleri, gün kollektorlary, ýel turbinalary we beýleki innowasion çözgütler” ugry boýunça kegitlenen netijeler boýunça:

  • 1-nji orun — Ýalkabow Kakamyrat
  • 2-nji orun — Agaýewa Göwher
  • 3-nji orun — Çaryýarowa Maral

“Energiýa tygşytlaýjy we sanly çözgütler – akylly ulgamlary, sanly tehnologiýalary we energiýany netijeli ulanmagyň täze usullary” ugry boýunça kegitlenen netijeler boýunça:

  • 1-nji orun — Orjyýew Begenç
  • 2-nji orun — Annagurbanow Şatlyk
  • 3-nji orun — Annamämmedow Kerim

“Biomassa we bionergiýa – biogaz, galyndylardan energiýa, organiki çig maldan energiýa öndürmek taslamalary” ugry boýunça kegitlenen netijeler boýunça:

  • 1-nji orun — Amanowa Gülaýym
  • 2-nji orun — Taňrykulyýewa Mähri
  • 3-nji orun — Saryýew Sähet

Bäsleşigiň dowamynda saýlama tapgyryndan geçen 53 gatnaşyjynyň 7-si dürli sebäplere görä gatnaşyp bilmedi.

Çäräniň ahyrynda ýeňijilere Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty hem-de Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti (GIZ) tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar we hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Bu bäsleşik ýaşlaryň ylmy-döredijilikli mümkinçiliklerini ösdürmekde hem-de ýurtda ýaşyl energiýa geçişini ilerletmekde möhüm ähmiýete eýe boldy.

Mähri DAŇATAROWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň
Energiýany tygşytlamagyň tehnologiýalary
kafedrasynyň müdiri.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok