Türkmenistan–Özbegistan söwda gatnaşyklary güýçlenýär

Türkmenistan 2026-njy ýylyň ýanwar–fewral aýlarynyň jemleri boýunça Özbegistana haryt eksport edýän iri ýurtlaryň ilkinji onlugyna goşuldy. Bu döwürde Türkmenistandan Özbegistana eksport edilen harytlaryň umumy bahasy 121,5 million ABŞ dollaryna deň boldy. Bu barada ýurduň Milli statistika komiteti habar berdi.

Maglumata görä, şol döwürde Özbegistanyň umumy importy 8,1 milliard dollara ýetip, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende ep-esli, ýagny 29,8 göterim ýokarlandy. Hasabat döwründe ýurt 135-den gowrak döwletden harytlary we hyzmatlary import etdi.

Özbegistanyň esasy import hyzmatdaşlarynyň arasynda Hytaý birinji orny eýeläp, onuň yzyndan Russiýa we Gazagystan gelýär.

Mundan başga-da, şu ýylyň 1-nji mart ýagdaýyna görä, türkmen maýasynyň gatnaşmagynda Özbegistanda gurluşyk ulgamynda 18, ulag pudagynda bolsa 15 kärhana iş alyp barýar.

Oguljennet ANNADURDYÝEWA,

Halkara senagatçylar we
telekeçiler uniwersitetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok