Türkmen ýokary okuw mekdebiniň gurnan onlaýn olimpiadasyna 41 döwletiniň 85 ýokary okuw mekdeplerinden 500-den gowrak talyp gatnaşdy.
Şu ýylyň 27-28-nji aprelinde Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda matematika dersi boýunça ikinji açyk halkara olimpiadasy geçirildi. Oňa dünýäniň 41 döwletinden 85 ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň 500-e golaýy gatnaşdy.
Bäsleşik iki kategoriýa boýunça geçirildi. Olimpiadanyň «A» kategoriýasy matematika ugry boýunça bilim alýan talyplaryň arasynda, «B» kategoriýasy matematikadan başga ugurlar boýunça bilim alýan talyplaryň arasynda geçirildi.
Oňa biziň ýurdumyzyň 17 ýokary okuw mekdebinden 32 topar, 203 talyp gatnaşdy. Olimpiada Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň, Türkmen oba hojalyk institutynyň, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyplary internet arkaly gatnaşdylar.
Olimpiadanyň şahsy görnüşi boýunça ýurdumyzyň talyplary jemi 113 orny, şol sanda olaryň 23-si I orny, 34-si II orny, 56-sy III orny eýelemegi başardy. Toparlaýyn görnüşi boýunça bolsa ýurdumyzyň talyplary jemi 13 orny, şolaryň 4-si I orny, 3-si II orny, 6-sy III orny eýelediler.
Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary hem işjeň gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp boldular. Matematika dersi boýunça ikinji açyk halkara olimpiadasynyň netijesine görä institutymyzyň Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Akmyrat Tirkeşow I orna, şol fakultetiň 3-nji ýyl talyby Meýlis Hojamyradow II orna we 2-nji ýyl talyby Arazgül Ballyýewa III orna, Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Begenç Aşyrow III orna mynasyp bolmagy başardylar. Institutymyzyň talyplar toparyna ýolbaşçylyk eden Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň mugallymy Begmyrat Ataýew bu barada şeýle gürrüň berýär:
–Şular ýaly halkara derejesinde geçirilýän olimpiadalara institutymyzyň talyplar topary her ýyl yzygiderli gatnaşyp ýokary netije görkezýärler. Bu gezekki matematika dersi boýunça ikinji açyk halkara olimpiadasy hem A we B derejeler boýunça ýekeleýin we toparlaýyn görnüşinde geçirilip, onda biziň institutymyzyň talyplar topary hem üstünlikli çykyş etdiler. Oňa institutymyzdan talyplaryň jemi 6-sy gatnaşdy. Toparlaýyn geçirilen görnüşinde bolsa institutymyzyň 4 talypdan düzülen topary baýrakly II orna mynasyp boldular. Talyplarymyzyň gazanan üstünlikleri biz mugallymlary diýseň buýsandyrýar.
Geljekki halkaraçy hünärmenleriň gazanan nobatdaky üstünligi diňe bir ýokary okuw mekdebimiziň däl, eýsem, dünýä ýüzünde ýurdumyzyň hem abraýydyr. Biz hem baýrakly orunlary eýelän talyplary üstünligi bilen tüýs ýürekden gutlaýarys. Baýraklaryňyzyň yzy gür bolsun talyp deň-duşlarymyz!
Aýlar ATAJYKOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby
Teswirler