Mäne Baba barada çeper-publisistik filmi düşürilýär


Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň turkmenistan.gov.tm internet neşiriniň habar bermegine görä, beýik akyldar Mäne Baba ady bilen tanalýan Abu Seýit Abul Haýyr hakynda çeper-publisistik filmi düşürilýär.

Dowamlylygy gysga 30 minutdan ybarat bolan bu film Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Oguz han adyndaky «Türkmenfilim» birleşigi tarapyndan surata düşürlýär.

Mäne Baba – Gündogaryň beýik akyldary, söz ussady, keramatly piriň doly ady Abu Seýit Fazlylla bin Abul Haýyr Mu­hammet ibn Ahmet Mähneýidir. Türkmen edebiýatynyň görnükli wekili hasaplanýan Mäne Baba häzirki Kaka etrabynyň Mäne obasynyň golaýynda hijri senesi boýunça 357-nji ýylda, mäherrem aýynyň başynda ýekşenbe güni dünýä inipdir. Ylmy maglumatlara görä bolsa 1049njy ýylyň 12-nji ýanwarynda dünýäden ötüpdir.

Güljan JUMANAZAROWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok