“Ýedidogan” kraft torbalar paýtagtyň satuw nokatlarynda

“Ýedidogan” haryt nyşany bilen iýmite zyýansyz kraft torbalar indi Aşgabat şäherindäki dürli satuw nokatlaryndan almaga mümkinçilik bar.

Sütün görnüşindäki witrinada “Ýedidogan” kraft paketleriniň dürli ölçeg we dizaýnlary asylgy ýagdaýda müşderilere hödürlenýär. Bu kraft torbalar esasan sowgatlyk, töý märekelerde we iýmit gaplamalarynda giňden ulanylýar.

Bu sowgatlyk torbalary paýtgagt Aşgabat şäheriniň “Ruhubelent market”, “MSM Supermarket”, “Şazada market”, “City market”, “Şelpeli market”, “Buýsanç market”, “Market № 1” ýaly söwda nokatlaryndan satyn alyp bolar. Bu satuw nokatlary günsaýyn köpelýär.

Bu satuw witrinalarynyň dükanlara ýaýradylmagynyň esasy maksady müşderilere özlerine iň ýakyn ýerden almaga mümkinçilik döretmek.

“Ýedidogan” kraft kagyz önümleri öz hili bilen tapawutlanýar. Iýmite zyýansyz bolan kraft kagyzy gaplaryny öndüriji bu haryt nyşany geçen ýylyň ahyrynda alan ISO:9001 halkara standart sertifikaty bilen muny tassyklady.

2017-nji­ ýyl­da­ Türk­me­nis­ta­nyň ­Se­na­gat­çy­lar ­we ­te­le­keçi­ler ­bir­leş­me­si­niň ag­za­sy ­Döw­ran­ Ab­dy­ra­su­low ­ta­ra­pyn­dan esas­lan­dy­ry­lan ­kär­ha­na­da ­«Ýe­dido­gan»­ ha­ryt­ ny­şan­ly ­kraft ka­gyz­la­ryň ­gap­la­ma­ önüm­çi­li­gi ­al­nyp ­ba­ryl­ýar.­ Ahal ­we­la­ýaty­nyň ­Ak­bug­daý­ et­ra­by­nyň­ se­na­gat ­zo­la­gyn­da ­ýer­leş­ýän kär­ha­na­da­ Rus­si­ýa ­Fe­de­ra­si­ýa­syn­dan ­çig­mal­ gör­nü­şin­de ge­ti­ril­ýän­ ka­gyz­lar­dan ­ýo­ka­ry ­hil­lili­gi ­bi­len­ ta­pa­wut­lan­ýan kraft­ hal­ta­lar, ­dürli­ gör­nüş­li ­we öl­çeg­li ­kraft­ tor­ba­lar,­ 7 ­görnüş­li ­iý­mit ­önüm­le­ri­ni ­we ­dürli ­sow­gat­lyk­la­ry gap­la­mak ­üçin is­le­ge ­gö­rä ­ke­si­lip ­be­ril­ýän ­ka­gyz­lar ­ön­dü­ril­ýär. ­

Ger­ma­ni­ýa Fe­de­ra­tiw ­Res­pub­li­ka­sy­nyň ­öň­de­ba­ry­jy ­teh­no­lo­gi­ýa­la­ry ­bilen ­aw­to­mat­laş­dy­ry­lan­ kär­ha­na­ do­ly ­güý­jün­de­ iş­le­di­len­de, ­sa­gat­da ­13 ­müň ­ka­gyz ­tor­ba çy­kar­ma­ga­ ukyp­ly­ bo­lup,­ 1 ­aýyň­ do­wa­myn­da ­2­ mil­li­on­dan ­gow­rak­ önüm­ ön­dü­ril­ýär. ­Kär­hana­da­ önüm­çi­lik ­mak­sa­dy­ bi­len ­üç­ sa­ny ­çig­mal­—­ka­gyz, ­ýe­lim,­ reňk­ peý­da­la­nyl­ýar. ­O­la­ryň adam­ sag­ly­gy­na ­zy­ýan­syz­ly­gy ­ba­ra­da ­kär­ha­na ­halkara ­ISO ­güwänamasy­ hem­ gow­şu­ryl­dy. «Ýe­di­do­gan» ­ha­ryt­ ny­şan­ly ­kraft­ ka­gyz­la­ry ­berk­li­gi, ­eko­lo­gi­ýa ­taý­dan­ aras­sa­ly­gy, ­tebi­ga­ta ­we ­adam sag­ly­gy­na ­zy­ýan­syz­ly­gy ­bi­len­ aý­ra­tyn­ ta­pa­wut­lan­ýar. ­Ka­gyz ­tor­ba­la­ryň iň­ ki­çi­si ­3 ­ki­log­ra­ma­ çen­li, ­iň ­ulu­sy ­bol­sa­ 12­ ki­log­ra­ma ­çenli ­agyr­lyk­da ­ýük­ göter­mä­ge ni­ýet­le­nen­dir.

Üs­tü­miz­dä­ki ­ýy­lyň­ do­wa­myn­da­ «Ýe­di­do­gan» ­ha­ryt­ ny­şan­ly ­kraft ­ka­gyz­la­ry­ny gap­laýan­ kär­ha­na ­öz­ önüm­le­ri­ni ­daşary­ ýurtlara ­eks­port­ et­me­gi ­me­ýil­leş­dir­ýär.

Şeýle-de okaň:
“Ýedidogan” haryt nyşany üçin halkara standart sertifikaty gowşuryldy
«Ýedidogan» çagalara şatlyk paýlady
“ÝEDIDOGAN” bilen ekologiýany arassa saklalyň!
Döwran Abdyrasulow TITUKI-niň talyp ýaşlary bilen duşuşyk geçirdi

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok