«Ýedidogan» çagalara şatlyk paýlady

Ýetip gelýän täze ýyl baýramçylygy mynasybetli “Ýedidogan” hususy kärhanasy “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňünde oturdylan ýurdumyzyň baş arçasynda çagalar üçin täze ýyl sowgatlaryny we çagalara şatlyk paýlady. Kärhananyň geçiren bu şatlykly çäresi çagalaryň täze ýyl baýramyna has-da täsir galdyryp ýatdan çykmajak pursatlara şaýatlyk etdi.

Ýatlap geçsek, “Ýedidogan” hususy kärhanasy lastik gaplaryň ornuny tutup biljek tebigy taýdan arassa kagyz torbalary öndürýän kärhanadyr. Bu kagyz torbalardyr, haltalar tebigy taýdan arassa, saglyga zyýansyz, daşky gurşawa zyňylan ýagdaýynda hem bary-ýogy 3 aýyň dowamynda ýitip dargap gitýär. Kärhananyň öndürýän önümleri agaçdan ýasalyp organiki häsiýete eýedir.

Kärhana 2005-nji ýylyň 10-njy iýunynda açylyp, gysga wagtda bu kärhanadan çykýan kagyz önümleri bazarlarda, marketlerde we dükanlarda öz ornuny tapdy. Kärhana aýda 2’000’000 sany kagyz haltalary, 5’000’000 sany kagyz torbalary öndürmäge ukuplydyr.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok