Ata watanymyzda amala aşyrylýan her bir özgertmeler halkymyzyň ýaşaýyş durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Ýurdumyzda Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllaryndan başlap zenanlaryň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyň ähli ulgamlarynda deňhukukly gatnaşmaklary baradaky pikirleri öňe sürmek gender syýasaty esasynda alnyp barylýar. Türkmenlerde zenana hormat goýmak ata-baba däp-dessurlaryndan gözbaş alyp gaýdýar. Taryhymyza göz aýlasak geçmişde türkmen zenanlary maşgala ojagyny abat saklamak bilen bir hatarda döwleti dolandyrmagyň syýasy meselelerine hem işjeň gatnaşypdyrlar.
Türkmenistanda erkekleriň we aýallaryň deňliginiň ýörelgesi onuň hukuk ulgamynyň aýrylmaz bölegidir. Konstitusiýamyzyň 29-njy maddasynda “Türkmenistanda erkekleriň we aýallaryň deň hukuklary we azatlyklary, şeýle hem olary durmuşa geçirmek üçin deň mümkinçilikleri bardyr” – diýlip bellenilip geçilýär. Türkmen zenanlarymyz döwlet häkimiýetiniň wekilçilikli we ýerine ýetiriji edaralaryna wekilçilik edýärler, ýolbaşçy wezipelerde işleýärler. Biliminiň we işjeňlik derejesiniň ýokarylygy türkmen zenanlarymyzyň ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynda aýratyn-da, ylym-da, bilim-de, medeniýet-de, saglygy goraýyş-da, durmuş üpjünçilik edaralaryň-da ornunyň uludygyna şaýatlyk edýär.
Bize şeýle ajaýyp döwürde okamaga, işlemäge, döretmäge şeýle ajaýyp şertleri döredip berildi. Men hem talyp ýüregimden, zenan ýüregimden şeýle ajaýyp zamanamyza buýsanýaryn, guwanýaryn. Täze ösüşler bilen öňe barýan Ata Watanymyzda her bir beýik işleriň sakasynda duran Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan işleri mundan beýläkde rowaçlyklara beslensin.
Laçyn IŞANOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Türkmenabat agrosenagat orta hünär
okuw mekdebiniň talyby.
Teswirler