Hytaýyň Kommunistik Partiýasynyň XX ählihytaý gurultaýynyň jemleriniň tanyşdyrylyş çäresi geçirildi

Şu gün Jemgyýetçilik Guramalarynyň Merkezinde Demokratik partiýasynyň
guramagynda Hytaýyň Kommunistik Partiýasynyň XX ählihytaý gurultaýynyň jemleriniň tanyşdyrylyş çäresi geçirildi.

Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň başlygy, Agrar hem de Senagatçylar we telekeçiler partiýalarynyň ýolbaşçylary şeýle-hem Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Sýan Naýçen gatnaşdylar.

Ilki bilen çärä gatnaşyjylary Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň başlygy çäräniň başyny başlap ol ýurdumyza gelen myhman bilen tanyşdyrde we şu günki geçirilen çäre Hytaý halk respublikasynyň Merkezi komitetiniň agzasy Sinhaý welaýatynyň komiteti Çen Ganga söz berdi. Ol Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň geçen ýyl geçirilen ХХ gurultaýy Hytaý Halk Respublikasynyň ähli ulgamlarda mundan beýläk-de okgunly ösüşiniň esasy ugurlaryny kesgitlän taryhy waka bolandygyny belläp geçdi.

Çäräniň dowamynda gürrüň berilişine görä, ählumumy ykdysadyýetiň häzirki ýagdaýyny hem-de iki ýurduň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlary barada, türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň häzirki ýagdaýda ösýändigi barada gürrüň edildi. Şeýle hem çykyş edenler Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hem-de Gahryman Arkadagymyza ýaşlar barada edilýän alada, olaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi ugrunda döredilýän şertler üçin hoşallyklaryny beýan edip, “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” şygary astynda geçýän 2023-nji ýylda ata Watanymyzyň abraýynyň has-da belende galdyrylmagyna, türkmen we hytaý halklarynyň arasyndaky dostluklyn gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna mynasyp goşant goşjakdyklaryna ynandyrdylar. 

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok