Döwran Abdyrasulow TITUKI-niň talyp ýaşlary bilen duşuşşyk geçirdi

Türkmenistanyň Inžener–tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda telekeçilik barada pikir alyşma maslahaty geçirildi.
Duşuşykda «Sagdyn pikir» HJ we «Ýedidogan» haryt nyşanynyň esaslandyryjysy  Abdyrasulow Döwran çykyş etdi.
Telekeçi Döwran Abdyrasulow telekeçilik bilen gyzyklanýan ýaşlara öz tejribesi, zähmet ýoly bilen bir hatarda, olaryň  durmuşynda jemgyýet we maşgala gymmatlyklarynyň eýelemeli orny barada-da nesihatlar berdi.
Şeýle-de «Ýedidogan» haryt nyşany bilen öndürilýän iýmite zyýansyz kraft kagyz önümleriniň önümçiligi barada görkezme maglumatlar ýaşlarda gyzyklanma döretdi. Ondürilýän onümleriň hilini, dizaýnyny we berkligini talyplar özleri barlap gördüler.
Bu duşuşyklar TSTP-nyň «Ýaş Telekeçiler merkezi» tarapyndan ýokary okuw mekdeplerinde geçirilýär.


#TSTP #telekeçi #TITUKI #Aşgabat #Ashgabat #InAshgabat #Turkmenistan #Türkmenistan #okuw #bilim #ekologiýa @yedidogankraft @yedidogan_official @yedidogan

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok