Dutaryň gudratly güýji

Türkmen sazynyň milli owazy, heýjanly duýgular dünýäsi söz mülküniň gadymdan gelýän hazynasydyr. Ol nurana ahwalyň müňlerçe öwüşginini, owazlar kökenini, mylaýym milli äheňlerini duýýan ynsan türkmeniň kimdigine göz ýetirip başlaýar. Sazanda dutara dil bitirende, syrly owazlaryň arasyndan türkmeniň taryhy, janly durmuş sahnalary ör-boýuna galýar. Türkmeniň aýdym-saz sungatynyň taryhyna nazar aýlasaň, «Magtymguly sözlerim, saza goşsaň uz bolar» diýen dananyň şygyrlarynyň tas hemmesi diýen ýaly, aýdyma salnypdyr. Olar «Derman eýledi», «Ýow bagşy», «Pelek ömrüm», «Garybym», «Näler görner», «Ýaraşmaz»… ýaly onlarça gadymy saz eserleriniň milli owazyndan halk aýdymlaryna öwrülipdir. Olaryň her biriniň özbaşyna saz eseri bolup duran şaha-şaha ýollary bar. Käbir sazlary kyrk dürli çalmagy başaran türkmeniň saz dünýäsinde ýeten derejesine haýran galýarsyň. Türkmen sazlary owaz öwüşginleri, özboluşly heňleri bilen arkama-arka dowamly bezelip gelipdir.

Türkmen halk sazynyň her biri köp dürli owaz kökenleriniň bitewüliginde uly saz eserlerini kemala getiripdir. Eýsem, muňa sazyň gudraty diýmän näme diýjek?!

Ähli ruhy hallary sazyň gudratly güýjünden susup alýan türkmen halkymyz köňle laýyk zada: «Saz bolupdyr» diýýändir. Halkymyzyň beýik sadalygynyň özi şu goýazy düşünjeden gözbaş alýar. Türkmen sazlaryny öwreniji W.Uspenskiý dutara: «Dünýäde iň çylşyrymly sazlary çalýan iň sada saz guraly» diýende-de, halkymyzyň saz sungaty bilen bitewüleşýän milli pelsepesini nazarlan bolmaly.

Dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi hem-de ony tassyklaýan güwänamanyň asyl nusgasynyň ýurdumyza gelip gowuşmagy baradaky şatlykly habar diňe bir medeniýet-sungat işgärleriniň däl, eýsem, ähli halkymyzyň, aýratyn-da ýaş nesillerimiziň buýsanjyny artdyrdy.

Birleşen Milletler Guramasynyň bilim, ylym we medeniýet meseleleri barada ýöriteleşdirilen edarasy bolan ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça hökümetara komitetiniň geçen ýylyň 13 — 18-nji dekabrynda Pariž şäherinde geçiren nobatdaky mejlisinde ýurdumyz tarapyndan hödürlenen «Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty» atly hödürnamanyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi halkara bilermenleriň bu hödürnama beren ýokary bahasynyň ykrary boldy.

Goý, Gahryman Arkadagymyzyň Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň ähli ugurlar boýunça sazlaşykly ösmegi, milli gymmatlyklarymyzyň dünýä ýüzünde uly hormat-sarpa eýe bolmagy ugrunda alyp barýan giň gerimli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Ýazgeldi ÝAKUBOW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok