14-nji iýulda Türkmenistanyň Prezidenti Balkan welaýatyna bolan iş saparynyň çäklerinde “Gaýragoýulmasyz Tiz kömek” merkezine baryp, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyndan welaýatyň etraplarynyň we şäherleriniň hassahanalarynyň çagalar bölümleri üçin döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen täze “Tiz kömek” awtoulaglarynyň 10-syny sowgat berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti döwletimiziň geljekde hem biziň geljegimiz bolan çagalar, olaryň beden taýdan sagdyn ösmegi hem-de Watanymyza bolan söýgi ruhunda terbiýelenilmegi üçin yzygiderli alada etjekdigini belledi.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow lukmanlar bilen söhbetdeş bolup, täze “Tiz kömek” awtoulaglarynyň olaryň işine ýardam berjekdigine ynam bildirdi.
Enejan Annageldiýewa,
Lebap welaýat Onkologiýa hassahanasynyň lukmany.
Teswirler