Ýiti ýokanç keselleriň ýurdumyza getirilmeginiň we ýaýradylmagynyň öňüni almak maksady bilen Türkmenistanyň metjitleriniň işine girizilen çäklendirmeleriň möhleti uzaldyldy.
Şunuň bilen baglylykda, dini edaralaryň — metjitleriň, zyýarat edilýän ýerleriň işi 2021-nji ýylyň 31-nji ýanwara çenli çäklendirilýär. Bu barada Türkmenistanyň Müftüligi habar berýär.
Ýatladyp geçsek, ýokanç keselleriň ýaýramagyna garşy öňüni alyş çäreleri hökmünde dini edaralaryň işiniň çäklendirilmegi şu ýylyň iýulynda girizildi.
Teswirler