ZEMINIŇ GÖRKI — ZENAN

Düýn paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda ýurdumyzyň zehinli zenanlarynyň arasynda yglan edilen «Zeminiň görki — zenan» atly döredijilik sergisiniň açylyşy boldy. Halkara zenanlar güni mynasybetli yglan edilen bäsleşikde iň gowy nakgaşçylyk, amaly-haşam sungatynyň eserleri, heýkeltaraşlyk hem-de keramika eserleri görkezilýär.

Sergidäki eserleri synlanyňda, dörediji zenanlaryň öz eserleriniň nusgasyny bahardan alandyklaryna göz ýetirmek bolýar. Açyk, ýagty dürli reňkleriň özara sazlaşygy, bahar gülleriniň tolkuny, el işini edip oturan zenanlaryň mährem keşbi, owadan keşdeleri sallançak, iň esasysy hem «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip atlandyrylan 2020-nji ýylda giňden belleniljek hemişelik Bitaraplygyň 25 ýyllyk şanly toýy bu eserleriň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Bäsleşige ýurdumyzyň welaýatlaryndan hem-de Aşgabat şäherinden zehinli zenanlaryň uly topary gatnaşýar.

Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň önümçilik bölüminiň çeper filmleriň 1-nji derejeli egin-eşik boýunça goýujy suratkeşi Şemşat Mämmedowa «Bitaraplyk çemeni» atly natýurmort işinde owadan güllerden boglan çemenden başlap, ene topragymyzda bitýän miweleriň, ir-iýmişleriň toplumyny hem-de Bitaraplyk binasynyň keşbini şekillendirip, ajaýyp toýumyza mynasyp sowgat taýýarlapdyr. Bäsleşige gatnaşýanlaryň arasynda ýaş nesliň wekilleriniň bolmagy hem diýseň guwandyryjydyr. Balkan welaýatynyň Serdar şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň nakgaş bölüminiň okuwçysy Tylla Amanowanyň «Oba durmuşy», «Şasenem — Garyp», «Küşt oýny» nakgaş eserlerinde bagtyýar durmuşymyza, milli gymmatlyklarymyza egsilmez buýsanjy görmek bolýar.

Bäsleşik sergide gobelen, haly eserleri özboluşly öwşün atýar, milli şaý-sepler lowurdap ýalkym saçýar. Keramika, heýkeltaraşlyk eserlerinde hem Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eşretli durmuşymyz nurana keşbinde giňden beýan edilýär. Şonuň bilen birlikde taryhy ýadygärlikleriň keramiki şekillerinde şöhratly geçmişimize belent sarpany duýmak bolýar. Bäsleşik sergi 7-nji martda jemlener.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok