Ýyllar biziň ýurdumyzda öz dady bilen, öz ylhamy-joşguny bilen gelýär. «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip atlandyrylan, hemişelik baky Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygynyň uludan toýlanyljak ýyly hem ilkinji günlerinden medeni çärelere baýlygy bilen hem göwünlere egzilmez şatlyk eçilýär.
Düýn ýurdumyzyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde açylan sergi hem «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylymyza bagyşlanyldy. Ýurdumyzyň muzeý işgärleriniň, suratkeşleriň, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň, bagtyýar talyp ýaşlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň, şeýle hem paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň gatnaşmagynda açylan sergi, däp bolşy ýaly, halypa suratkeşleriň döreden eserlerinden başlanýar. Olaryň arasynda Ýarly Baýramowyň «Oguz han», Aýhan Hajyýewiň «Türkmen gözelligini döredijiler», Işanguly Işangulyýewiň «Türkmen buýsanjy Ýanardag» ýaly nakgaş, Maral Ataýewanyň «Gözbaş», Annameret Taganowyň «Köne gala», Gülara Babaýewanyň «Galkynyş» atly keramika, Juma Jumadurdyýewiň «Üzüm ýygymy», Ýedi Madatowyň «Sazanda», Alekseý Şetininiň «Halyçylar» atly eserleri bar. Milli gymmatlyklaryň zähmetiň eşretini durmuşyň wasp. Sergini toý öwüşginleri bilen bezeýän bu eserleriň içinden eriş-argaç bolup geçýär.
Ýurdumyzyň hemişelik baky Bitaraplygynyň 25 ýyllyk toýy parahatçylygyň, dostluk-doganlygyň, ynsanperwerligiň toýudyr. Munuň şeýledigine sergidäki işleri synlanyňda aýdyň göz ýetirmek bolýar. Olaryň arasynda dürli döwletleriň sungat ussatlarynyň döreden nakgaşlyk, keramika, zergärçilik ýaly sowgatlyk önümleri hem sergä aýratyn bezeg berýär. Şeýle dostluk-doganlyk ruhunda guralan sergi agza tomaşa edenlerde diýseň ýakymly täsir galdyrýar.
InAshgabat saýtymyzyň gadyrly okyjylary Size Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde birnäçe günläp dowam etjek sergä geljek hepdäniň iş günleri synlamaga baryp bilýändigiňizi ýatladýarys. Muzeýiň gapysy siziň üçin hemişe açykdyr.














Teswirler