27-nji martda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow taryha baý bolan Daşoguz welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy we welaýatyň baş metjidinde berlen sadaka gatnaşdy. Bu sadaka Türkmenistanyň Prezidentiniň ýazan ajaýyp eserlerinden düşen galamhakynyň serişdeleriniň hasabyna berildi. Bu ýerde Türkmenistanyň müftüsi, türkmen halkynyň asuda bol-elin, bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda gijesini gündiz edip işleýän Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny Beýik Biribardan dileg edip, aýat töwür okady.
Soňra baş metjitde milli Liderimize Mekgeden sowgat hökmünde iberilen keramatly Käbäniň ýazgysy bolan örtük we keramatly teperrik goýuldy. Bu mukaddesligi il ýaşululary ýüze sylyp, Hormatly Prezidentimiziň belent başlangyçlarynyň hemişe rowaçlyga beslenmegini Beýik Biribardan dileg etdiler.
Soňra bu metjide Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan awtoulag sowgat berildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Daşoguz welaýatynyň baş metjitinde sadaka berdi
28.03.2020
11:01
0
Teswirler