ZENAN KALBY JOŞANDA

Şu gün ýurdumyzyň Çeperçilik sergiler müdirligi we Şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde açylan sergi «Zenan kalbynyň bagtyýarlyk joşguny» diýlip atlandyryldy. Sergä suratkeş zenanlaryň 60-sy özleriniň sungatyň dürli görnüşinde döreden eserleri bilen gatnaşýar. Görkezilýän jemi 150 eseriň 100-si nakgaş, 5-si gobelen, 15-si keramika, 15-si grafika, 4-si heýkel, 10-sy hem zergärçilik eserleridir. Görnüşleri dürli-dürli bu eserleri bir ajaýyp mazmun özara birleşdirýär. Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň asudalygy, tebigat gözellikleri, milli gymmatlyklarymyza söýgi eserleriň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Türkmenistanyň halk suratkeşi Solmazdursun Muhammedowanyň milli nagyşlar bilen bezelen, syrçalanan keramika eserleri, nakgaş zenanlar Ogulsuraý Akmyradowanyň «Nar», «Narly bakjanyň owazy», Maral Hojagulyýewanyň «Obaly gelin», «Mukam», «Ýaşyl ýaýla», Aýbibi Amangylyjowanyň «Täze gelin», «Bahar», «Päkizelik» ýaly eserleri sergini toý öwüşginlerine besleýär.

— Halkara zenanlar güni mynasybetli guralan sergä öz işlerim bilen gatnaşýaryn. Her suratkeşiň öz eserinde aýratyn üns berýän zady bolýar. Guşmy, gülmi ýa-da şoňa meňzeş zatlary eserinde köp ulanýar. Meniň döredijiligimde hem nar kän duşýandyr. Sebäbi men obada önüp-ösdüm. Onsoň kalbyma ýakyn zatlary döredijiligimde hem şekillendirmegi gowy görýän. «Nar» diýen işimde naryň ýeke miwesi şekillendirilen. Çünki özi bir miwe bolsa-da, naryň içindäki däneleriniň hersi bir miwe ýaly. Nar suratkeşde, döredijilik adamynda pelsepewi pikirleri oýarýar. Atam öýümizde nar bagymyz bar. «Narly bakjanyň owazy» atly işimde  nar bagy hem-de gopuz çalyp oturan ýaşuly zenanlar şekillendirilen. Men gopuz çalmagy hem gowy görýän. Hormatly Prezidentimiz milli gymmatlyklarymyzy ösdürmek hem wagyz etmek bilen bagly ähli mümkinçilikleri döredip berdi. Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, tutumly işleri rowaç bolsun — diýip, erkin suratkeş Ogulsuraý Akmyradowa gürrüň berdi.

Suratkeş nakgaş Gülnäz Rozykulowanyň «Milli miras» eserler toplumynda gelin-gyzlarymyzyň köz ýaly gyrmyzy ketenisi, on barmagynyň hünäri bolan nepis halylary, gadymy gülýakalary bilen birlikde, beýleki milli şaý-sepleri hem kendiriň ýüzünde özboluşly öwşün atýar. Sergide ýaş zehinleriň eserlerine-de  uly orun berlipdir. Gobelen suratkeşi Arzygül Köşüliýewanyň, keramikaçy Gülüstan Baýryýewanyň, nakgaşlar Gülşirin Nutyýewanyň, Mahym Atakowanyň eserleri hem baýramçylyga ajaýyp sowgat bolupdyr.

Öz nurana eserleri bilen Halkara zenanlar baýramçylygyny has-da görklendiren zehinli zenanlaryň döreden eserleriniň üsti bilen Watanymyza, onuň gözelliklerine söýgini, buýsanç joşgunyny aýdyň görmek bolýar.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok