BITARAPLYK ÇAGALARYŇ GÖZI BILEN

Düýn — 20-nji fewralda ýurdumyzyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Aşgabat şäher  medeniýet müdirligi tarapyndan guralan bäsleşik  «Dünýäniň ýüregi Türkmenistanym Bu gün mekanydyr Bitaraplygyň» diýlip atlandyryldy. Oňa Aşgabat  şäher Medeniýeе müdirliginiň  çagalar çeperçilik mekdepleriniň hem-de sungat mekdepleriniň çeperçilik bölümleriniň 3-4-nji synplarynda okaýan okuwçylaryň 40-sy gatnaşdy. Bäsleşikde çagalar reňk bilen surat çekmek ugry boýunça halkymyzyň milli gymmatlyklaryndan düzülen 30  х 40 ölçegli kagyzda  natýurmort eserlerini döretmek boýunça  bäsleşdiler.

Ýörite eminler toparynyň biragyzdan gelen netijesine görä, 1-nji orna Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy Perhat Aşyrmyradow, ikinji orna  degişlilikde şol mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Kerim Nuryýew bilen 6-njy  çagalar sungat  mekdebiniň 3-nji synp okuwçysy Aýsoltan Garagoçowa, 3-nji orna Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy Olga Sidorenko, Medeniýet müdirligine degişli 2-nji çagalar çeperçilik  mekdebiniň 3-nji synp okuwçysy Ýuliýa Kolesniçenko hem-de şol mekdebiň 3-nji  synp okuwçysy Annanur Bäşimow dagy mynasyp boldular. Baky Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygy mynasybetli geçirilen reňk bilen surat çekmek boýunça geçirilen bäsleşikde şeýle hem oňa gatnaşyjylar höweslendiriji baýraklar hems-de diplomlar bilen sylaglanyldy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok