Altyn güýzüň gitara heňi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda milli sungatymyzyň ähli ugurlary bilen birlikde, saz sungatyny, saz gurallaryny öwrenmek we wagyz etmek işine hem giň ýol açylýar. Şunuň bilen baglylykda, golaýda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebinde “Gitara saz guraly we onuň görnüşleri” atly ähmiýetli sazly duşuşyk geçirildi. Ýokary derejede guralan bu duşuşyga Halk saz gurallary bölüminiň müdiri Bahargül Mämiýewa, mugallym Arslan Atatow hem-de talyplar işjeň gatnaşdylar.

Duşuşygyň özenini Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Sazyň taryhy” kafedrasynyň uly mugallymy Myrat Gurbanowyň çykyşy düzdi. Ýakyndan geçirilen bu duşuşykda mugallym gitara saz guralynyň gadymy taryhy kökleri, ösüş ýoly, dünýä saz medeniýetindäki orny hem-de onuň özboluşly akustiki aýratynlyklary barada giňişleýin we gyzykly maglumatlary paýlaşdy. Bu gürrüňler ýaş gitaraçylaryň saz guralynyň mümkinçiliklerine has çuňňur düşünmegine ýardam berdi.

Duşuşygyň dowamynda Myrat Gurbanow özüniň awtorlygy esasynda çap edilen “Gitara” atly kitabyna hem giňişleýin gurrun berdi. Ol ýaş sazandalara we talyplara gitara saz guralynyň görnüşleri, sazlaşygy hem-de ýerine ýetirijilik tehnikasy barada ylmy-nazary maglumatlary berdi. Şeýle hem kitapda ýerleşdirilen türkmen we daşary ýurt saz mirasynyň eserleri, dünýä belli gitaraçylaryň ýerine ýetirijilik mekdepleri we olaryň usulyýet ýörelgeleri barada gymmatly gürrüňler etdi. Bu çykyş talyplar üçin diňe bir nazary maglumat çeşmesi bolman, eýsem hünär taýdan kämilleşmekde ygtybarly gollanma boldy.

Döredijik duşuşygyň ýatdan çykmajak pursatlarynyň biri mugallym Myrat Gurbanowyň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan “Flamenko” sazy boldy. Ispan saz medeniýetiniň ruhuny, joşgunyny we özboluşly ritmik gurluşyny özünde jemleýän bu çykyş gitara saz guralynyň diňe bir klassiki ýa-da estrada ugrunda däl, eýsem çuňňur emosional we ýokary tehniki mümkinçiliklere eýedigini amaly taýdan hem görkezdi. Soňra estrada hünarininiň 3-nji ýyl talyby Sirojiddin Nuriddinow kompozitor Yslam Babaýewiň “Bahar heňi” we “Malageniýa” atly ispan halk heňlerini ussatlyk bilen ýerine ýetirdi.

Bu döredijilik duşuşygy talyplar üçin gitara saz guralynyň taryhy kökleri, onuň görnüşleri, ýerine ýetirijilik aýratynlyklary we awtorlyk gollanmalary bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik beren täsirli azly duşuşyk boldy. Esasan-da, janly ýerine ýetirilen “Flamenko” we beýleki saz eserleri duşuşyga aýratyn öwüşgin berip, ýaşlaryň sungata, saz medeniýetine we gitara saz guralyna bolan höwesini has-da artdyrdy. Şeýle mazmunly döredijilik duşuşyklary ýaş sazandalaryň hünär ussatlygyny ýokarlandyrmak, olaryň döredijilik gözýetimini giňeltmek, milli hem-de dünýä saz mirasyna bolan gyzyklanmasyny güýçlendirmek üçin möhüm ähmiýete eýedir.

Mahym Mediýewa,

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda sazşynaslyk hünariniñ IV ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok