Türkmenistanda ilkinji 18 mekdebe «Ýaşyl mekdep» derejesi berildi

Türkmenistanda bilim bilen ekologiýa terbiýesini utgaşdyrmaga gönükdirilen «Ýaşyl mekdep» maksatnamasynyň ilkinji milli sertifikatlaşdyryş tapgyry tamamlandy. 2026-njy ýylyň 5-nji noýabrynda mälim edilen netijelere görä, maksatnama gatnaşan 18 synag mekdebine degişli derejeler berildi. Olaryň 12-si I derejä, 6-sy bolsa II derejä mynasyp boldy.

Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasy (UNICEF) tarapyndan bilelikde durmuşa geçirilýän maksatnama mekdeplerde ekologik düşünjäni ösdürmegi, howanyň üýtgemegi baradaky bilimleri giňeltmegi we okuwçylary daşky gurşawy goramak boýunça amaly çärelere çekmegi maksat edinýär.

Maksatnama Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň, şeýle hem Aşgabat we Arkadag şäherleriniň mekdeplerini öz içine alýar. Onuň çäklerinde okuwçylar üçin eko-klublar döredildi, mekdep howlularyny abadanlaşdyrmak we howanyň üýtgemegine durnuklylygyny ýokarlandyrmak boýunça işler geçirildi. Şeýle hem okuwçylar «Ýaşyl başarnyklar» bäsleşigine we adatdan daşary ýagdaýlaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça çärelere gatnaşdylar.

Mekdeplerde alnyp barylýan işleriň arasynda okuwçylaryň özbaşdak başlangyçlary hem bar. Mysal üçin, käbir mekdeplerde okuwçylar agaç nahallaryny oturdýarlar, mekdep çäklerini arassa saklamak boýunça çäreleri guraýarlar we synpdaşlaryny ekologik başlangyçlara çekýärler. Bu işler çagalaryň daşky gurşawa jogapkärçilikli garamagyny gündelik endige öwürmäge gönükdirilendir.

Sertifikatlaşdyryş işleri mekdepleriň öz-özüne baha bermegini, degişli resminamalary taýýarlamagyny we bilermenleriň mekdeplere baryp görüp, ýerine ýetirilen işleri ýerinde öwrenmegini öz içine aldy. Geljekde sertifikat alan mekdeplere galyndylary aýratyn ýygnamak we gaýtadan işlemek, ene-atalary hem-de ýerli jemgyýeti ekologik çärelere has işjeň çekmek boýunça teklipler berildi.

«Ýaşyl mekdep» başlangyjy bilim edaralarynda ekologiýa düşünjesini diňe bir okuw temasy hökmünde däl, eýsem, gündelik durmuşda berjaý edilýän endik hökmünde kemala getirmegiň ähmiýetini görkezýär. Okuwçylaryň tebigaty goramak işlerine işjeň gatnaşmagy olaryň bilimini amaly tejribe bilen baýlaşdyrýar.

Maglumatlary toplan we taýýarlan:
Şeker Ataýewa,
Halkara Senagatçylar we telekeçiler
uniwersitetiniň mugallymy

Çeşme: UNICEF

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok