«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen halkara çäreleriň resminamalary BMG-niň resmi neşirlerinde çap edildi

2026-njy ýylyň 7–8-nji oktýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen halkara çäreleriň jemleri boýunça kabul edilen resminamalar Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynyň resmi resminamalary hökmünde çap edildi. Bu bolsa Türkmenistanda guralan halkara duşuşyklaryň we maslahatlaryň netijeleriniň dünýä jemgyýetçiliginiň üns merkezinde durýandygyny görkezýär. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Neşir edilen resminamalaryň hatarynda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň sekizinji Konsultatiw duşuşygynyň netijeleri boýunça kabul edilen Bilelikdäki Beýannama (A/81/460), «Parahatçylygy saklamakda we durnukly ösüşe ýetmekde zenanlaryň orny» atly halkara zenanlar dialogynyň Jemleýji resminamasy (A/81/461), şeýle hem «Demografik prosesler we durnukly ösüş: häzirki zamanyň wezipeleri we halkara tejribe» atly halkara maslahatyň Jemleýji resminamasy (A/81/459) bar.

Mälim bolşy ýaly, bu halkara çäreler sebit we dünýä derejesinde parahatçylygy, durnukly ösüşi, özara ynanyşmagy hem-de hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ýaly möhüm meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagyna giň mümkinçilik döretdi. Duşuşyklaryň dowamynda öňe sürlen başlangyçlar we gazanylan ylalaşyklar halkara gatnaşyklarynyň ösdürilmegine goşant goşýan möhüm ädimler boldy.

Agzalan resminamalaryň Birleşen Milletler Guramasynyň alty sany resmi dilinde çap edilmegi olaryň halkara derejesindäki ähmiýetiniň we giňden ykrar edilýändiginiň aýdyň beýanydyr. Bu ýagdaý, şeýle hem Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek, ählumumy meseleleriň çözgüdine goşant goşmak we köptaraplaýyn diplomatiýany ilerletmek ugrunda alyp barýan işleriniň netijeliligini görkezýär.

Miwe Akmyradowa,

Mary welaýat kazyýetiniň kazynyň kömekçisi.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok