Türkmen oba hojalyk instituty halkara durnukly ösüş reýtinginde 858-nji orny eýeledi

Türkmen oba hojalyk instituty «UI GreenMetric Sustainable University Rankings 2026» atly halkara reýtinginde ýokary netijäni gazandy. Reýtingiň resmi şahadatnamasyna we hasabatyna görä, ýokary okuw mekdebi dünýäniň uniwersitetleriniň arasynda 858-nji orny eýeläp, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda 4-nji orunda ýerleşdi.

Bu reýting ýokary okuw mekdeplerinde daşky gurşawy goramak, tebigy serişdelerden rejeli peýdalanmak we durnukly ösüş ýörelgelerini durmuşa geçirmek bilen bagly işleri bahalandyrýar.

Institutyň gazanan netijesi bilim edarasynda ekologik ugra gönükdirilen başlangyçlaryň, innowasion çözgütleriň we oba hojalyk ylmy boýunça alnyp barylýan işleriň ähmiýetini görkezýär. Professor-mugallymlaryň we talyp ýaşlaryň tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmak, daşky gurşawy goramak hem-de döwrebap oba hojalyk tehnologiýalaryny ösdürmek boýunça alyp barýan işleri bu ugurdaky möhüm ugurlaryň hatarynda durýar.

Halkara reýtingde gazanylan görkeziji Türkmen oba hojalyk institutynyň durnukly ösüş, ekologik jogapkärçilik we bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça alyp barýan işleriniň netijeleriniň biri bolup durýar.


Hezretaly BERKELIÝEW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok