Aşgabatda Türkmenistan bilen Hytaýyň Şansi welaýatynyň işewürlik forumy geçirildi

22-nji oktýabrda Aşgabat şäherindäki «Arçabil» myhmanhanasynda «Türkmenistan – Hytaý (Şansi welaýaty)» atly söwda-ykdysady forum geçirildi. Çäre iki ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge we täze bilelikdäki taslamalary ara alyp maslahatlaşmaga bagyşlandy.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň guramagynda geçirilen foruma döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary, diplomatlar, bilermenler hem-de Türkmenistan bilen Hytaýyň 70-den gowrak öňdebaryjy kompaniýasynyň wekilleri gatnaşdylar. Duşuşykda energetika, gurluşyk, ulag-logistika we ýokary tehnologiýalar ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine garaldy.

Forumyň açylyşynda wekiliýetleriň ýolbaşçylary çykyş etdiler. Şansi welaýatynyň Halkara söwdasyna ýardam bermek komitetiniň edarasynyň başlygy Sun Weý sebitiň senagat, energetika we tehnologiýa mümkinçilikleri barada maglumat berdi. Ol türkmen hyzmatdaşlary bilen göni işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmegiň, sanly çözgütleri ornaşdyrmagyň we özara söwda dolanyşygyny artdyrmagyň ähmiýetini belledi.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygynyň orunbasary çykyşynda sebitara hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça teklipleri beýan etdi. Senagat önümçiligi, döwrebap gurluşyk materiallaryny öndürmek, sanlylaşdyrmak we şäher infrastrukturasyny ösdürmek ugurlarynda göni hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň zerurdygy nygtaldy.

Şeýle hem türkmen önümleriniň eksportyny ösdürmek, özara söwdanyň görnüşlerini giňeltmek, işewür toparlaryň arasynda maglumat alyş-çalşygyny ýola goýmak, bilelikdäki işewürlik saparlaryny guramak we bilim ulgamyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak meselelerine üns berildi.

Forumyň ikinji bölüminde iki ýurduň kompaniýalarynyň wekilleri öz taslamalaryny we işewürlik tekliplerini tanyşdyrdylar. Gatnaşyjylar gurluşyk, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, enjamlar bilen üpjünçilik hem-de ulag-logistika infrastrukturasyny ösdürmek ýaly ugurlarda maýa goýum mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Çäräniň jemlerinde birnäçe ikitaraplaýyn resminama gol çekildi. Hususan-da, Şansi welaýatynyň Gurluşyk-maýa goýum topary bilen Türkmenistanyň «Bereketli Jaý» we «Altyn Tug» kärhanalarynyň arasynda hyzmatdaşlyk ylalaşyklary baglaşyldy. Mundan başga-da, «Szintýan Heçuan Ýun Nenýuan» kompaniýasy bilen «Arzuwly ösüş» hojalyk jemgyýetiniň arasynda şertnama gol çekildi.

Forum iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda göni gatnaşyklary ösdürmek, özara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek we geljegi uly bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşmak üçin meýdança boldy.


Ülker BABAMURADOWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok