Aşgabatda gender deňligini ösdürmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) we Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň (UNFPA) Ýewropa Bileleşiginiň goldawy bilen amala aşyrýan CHANGE halkara maksatnamasynyň milli düzümini tanyşdyrmak çäresi geçirildi. «Gender deňligi bähbidine jemgyýetçilik garaýyşlarynyň we kadalarynyň özgermegine ýardam bermek» atly maksatnama Merkezi Aziýa ýurtlaryny öz içine alýan, umumy býujeti 5,2 million ýewro deň bolan sebit taslamasynyň bir bölegidir.

Maksatnama inklýuziw ykdysady syýasaty ösdürmegi, durmuş institutlarynyň mümkinçiliklerini kämilleşdirmegi hem-de gender deňligini öňe sürmegi maksat edinýär. Onuň çäklerinde ylmy-barlag işlerine we degişli usulyýet goldawyna aýratyn üns berler.

BMGÖM we UNFPA milli hyzmatdaşlara ilatyň wagtyny nähili peýdalanýandygyny öwrenmek boýunça giň gerimli barlaglary geçirmäge, şeýle hem zähmet bazarynyň resmi däl bölegini seljermäge ýardam berer. Bu barlaglaryň netijesinde toplanjak maglumatlar hünär bilimine elýeterliligi giňeltmek, hünärleri täzeden öwrenmek üçin mümkinçilikleri döretmek we ýaşlaryň telekeçilik başlangyçlaryny goldamak boýunça amaly teklipleri taýýarlamakda peýdalanylar.

BMGÖM-niň Türkmenistandaky Hemişelik wekili Narine Saakýanyň bellemegine görä, zenanlaryň ykdysady hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek milli ykdysadyýetiň durnukly ösüşine oňyn täsir edýär.

UNFPA-nyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Kemal Goşlyýew hem-de Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasynyň wekili Maçeý Adam Madalinski hem deň mümkinçilikleri üpjün edýän institutlary ösdürmekde bilermençilik we seljeriş mümkinçiliklerini pugtalandyrmagyň ähmiýetini nygtadylar.


Daýanç BALTAÝEW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok