Türkmenistanyň Baş arçasyny bezemek boýunça bäsleşik yglan edildi!

Aşgabat şäheriniň häkimligi Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda Baş arçasyny bezemek üçin zerur bolan materiallary we enjamlary satyn almak hem-de bezeg işlerini ýerine ýetirmek boýunça bäsleşik yglan etdi.

Baş arça “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada gurlar. Bäsleşik üç ugur boýunça geçirilýär. Birinji ugur baş arçany we onuň töweregindäki meýdançany bezemek üçin enjamlary satyn almagy göz öňünde tutýar. Ikinji ugur arçanyň şahalary üçin, şeýle hem baş arçany we ýanyndaky meýdançany bezemek üçin dürli ölçegdäki tebigy agaçlary satyn almagy öz içine alýar. Üçünji ugur bolsa baş arçany we onuň ýanyndaky meýdançany bezemek işlerine degişlidir.

Bäsleşik 16-njy oktýabrda sagat 10:00-da geçiriler. Gatnaşmak üçin zerur resminamalar 15-nji oktýabrda sagat 17:00-a çenli kabul edilýär.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok