Ýewropa Bileleşigi çagalaryň sosial ulgamlara girişini çäklendirmegi teklip edýär

Ýewropa Komissiýasy çagalaryň internet giňişligindäki howpsuzlygyny güýçlendirmek maksady bilen «EU KIDS Act» atly kanun taslamasyny hödürledi. Bu barada Ýewropa Komissiýasynyň resmi maglumatynda habar berilýär. Taslama 13 ýaşdan kiçi çagalaryň sosial ulgamlara girmegini gadagan etmegi, 15 ýaşdan kiçi ulanyjylar üçin bolsa özbaşdak sosial ulgam hasabynyň açylmagyna ýol bermezligi göz öňünde tutýar.

Teklipde ýaş aýratynlyklaryna görä tapgyrlaýyn çemeleşme göz öňünde tutulýar. 13 ýaşdan kiçi çagalar sosial ulgamlardan peýdalanyp bilmezler. 13 ýaşdan 15 ýaşa çenli ýetginjekler üçin ene-atalaryň ýa-da hossarlaryň gözegçiliginde döredilýän çäklendirilen «mini-akkauntlar» ulanylyp bilner. Şeýle hasaplarda mümkinçilikler çäklendiriler we sosial ulgamlarda gündelik ulanyş wagty bir sagat bilen çäklendiriler. 15 ýaşdan başlap bolsa ýetginjeklere özbaşdak hasap açmaga mümkinçilik berler.

Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Lýaýen 16-njy sentýabrda Ýewroparlamentinde eden «Bileleşigiň ýagdaýy» baradaky çykyşynda çagalaryň ýaş aýratynlyklaryna laýyklykda dürli derejedäki gorag çäreleriniň zerurdygyny aýtdy. Onuň bellemegine görä, 13 ýaşdan kiçi çagalar üçin sosial ulgamlara giriş bolmaz, 13–15 ýaş aralygyndakylar diňe ene-ata gözegçiligindäki çäklendirilen hasaplary ulanyp bilerler, 15–18 ýaş aralygynda bolsa platformalar howpsuz dizaýn ýörelgelerini üpjün etmeli bolar.

Taslama diňe sosial ulgamlary däl, eýsem wideo paýlaşma hyzmatlaryny, onlaýn oýunlary we emeli aň esasynda işleýän çat-botlary hem öz içine alýar. Hyzmat üpjün edijilerden çagalar üçin howpsuz sazlamalary başlangyç ýagdaýda üpjün etmek, aşa köp ulanylyşa itergi berýän aýratynlyklary çäklendirmek we nätanyş adamlaryň çagalar bilen islenilmedik aragatnaşygynyň öňüni almak talap edilýär. Emeli aň çat-botlary we sanly «ýoldaşlar» hem çagalar üçin başlangyç ýagdaýda öçürilen bolmaly.

«EU KIDS Act» häzirlikçe kanun taslamasy bolup, onuň soňky görnüşi Ýewropa Parlamenti we Ýewropa Bileleşiginiň Geňeşi tarapyndan ara alnyp maslahatlaşylar we tassyklanar.


Güljemal ORAZOWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok