Hormatly Prezidentimiziň «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitiniň çäklerinde eden çykyşynda şäher ösüşini we infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak meselesine aýratyn ünsi çekdi.
«Türkmenistan şäher ösüşini we infrastrukturasyny, täze talaplardyr meýillere laýyk gelýän häzirki zaman urbanistik gurşawyny döretmegi biziň formatymyzyň çäklerindäki bilelikdäki işiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň ýakynda öňe süren «Akylly» şäherleriň diplomatiýasy» başlangyjyna salgylanmak isleýärin. Bu başlangyç tagallalary birleşdirmegi, tejribe we maglumat alyşmagy, ylmy-tehniki gazananlary bilelikde ornaşdyrmagy, umuman, urbanistikanyň, şäher gurluşygynyň integrirlenen, netijeli nusgalaryny döretmegi göz öňünde tutýar» diýip, döwlet Baştutanymyz çykyşynda nygtady.
Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň «Akylly şäherleriň diplomatiýasy» başlangyjy şäher ösüşine täzeçe çemeleşmäniň binýadyny düzýär. Bu başlangyç tagallalary birleşdirmek, maglumat we tejribe alyşmak, ylmy-tehniki gazanylanlary bilelikde peýdalanmak hem-de şäherleşmegiň integrirlenen we netijeli nusgalaryny döretmek maksadyny öňe sürýär.
«Akylly şäher» düşünjesiniň özeninde şäheriň dürli ulgamlarynyň sazlaşykly işlemegi durýar. Infrastruktura, ulag, aragatnaşyk, sanly hyzmatlar we şäher hojalygynyň beýleki ugurlarynda döwrebap çözgütleriň ulanylmagy şäheriň mümkinçiliklerini giňeltmäge şert döredýär.
Şäher gurluşygynda ylmy-tehniki gazanylanlaryň ähmiýeti hem barha artýar. Dürli ýurtlaryň tejribesini öwrenmek, üstünlikli şäher gurluşyk nusgalaryny paýlaşmak we täze çözgütleri bilelikde işläp taýýarlamak bu ugurda oňyn netijeleri gazanmaga mümkinçilik berýär.
«Akylly şäherleriň diplomatiýasy» düşünjesiniň ýene bir möhüm tarapy hem dürli ugurlaryň özara hyzmatdaşlygyny güýçlendirmekdir. Şäherleşmek diňe binagärlik bilen çäklenmän, sanly tehnologiýalar, ulag, energetika, maglumat ulgamlary we hünär taýýarlygy ýaly ugurlaryň sazlaşygyny hem talap edýär.
Bu ugurda hünärmenleriň taýýarlygy aýratyn ähmiýete eýedir. Tehnologiýalaryň çalt ösmegi şäher infrastrukturasyny dolandyrmak we döwrebaplaşdyrmak üçin täze bilimlere hem-de başarnyklara eýe bolan hünärmenlere bolan zerurlygy artdyrýar. Şonuň üçin «akylly şäher» düşünjesiniň ösüşi bilim we ylmyň ösüşi bilen hem berk baglydyr.
Netijede, şäheriň geljegi diňe täze binalaryň we ýollaryň gurulmagy bilen däl, eýsem onuň dürli ulgamlarynyň nähili sazlaşykly, netijeli we tehnologiýa esasly işleýändigi bilen kesgitlenýär. «Akylly şäherleriň diplomatiýasy» ýaly başlangyçlar bolsa bu ugurda tejribäni birleşdirip, häzirki zaman şäher gurşawyny ösdürmegiň täze mümkinçiliklerini açýar.
Aýjemal Allagulyýewa,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-niň V ýyl talyby
Teswirler