Türkmenistanly türgenler Gyrgyzystanyň Çolpon-Ata we Bişkek şäherlerinde geçirilen VI Bütindünýä Çarwadarlar oýunlarynda 11 medal gazandy. Ýurdumyza 2 altyn, 3 kümüş we 6 bürünç medal getirildi.
Bu ýylky Bütindünýä Çarwadarlar oýunlaryna 106 döwletden 3 müňe golaý türgen we wekiliýet agzasy gatnaşdy. Gatnaşyjylar sportuň 43 görnüşi boýunça baýraklar ugrunda bäsleşdiler. Türkmenistanyň ýygyndysynyň düzüminde 14 türgen we 7 tälimçi çykyş etdi.
Milli ýygyndymyza ilkinji altyn medaly türkmen milli göreşi boýunça 100 kilogramdan ýokary agram derejesinde Annagurban Allaberdiýew getirdi.
Türkmen türgenleriniň üstünlikleriniň ýene biri gyrgyz milli alyş göreşinde gazanyldy. Erkin görnüşde 100 kilogramdan ýokary agram derejesinde Nurmuhammet Baýdogdyýew altyn medala mynasyp boldy. Abdyresul Durdyýew, Sylapberdi Nuryýew we Mekan Nurberdiýew bolsa bu görnüşiň dürli agram derejelerinde kümüş medal gazandylar.
Bürünç medallaryň biri Günorta Koreýanyň däp bolan ssirym göreşinde Pälwan Gurbangeldiýew tarapyndan gazanyldy. Şeýle hem Atageldi Tejendurdyýew gyrgyz göreşinde, Ylham Kemalow kuraşda, Begli Hojammaýew täjik milli bilbagly göreşinde, Serdar Babamyradow gazak göreşinde we Zyýamuhammet Saparow azerbaýjan göreşinde bürünç medallara eýe boldular.
Şeýlelikde, Türkmenistanyň ýygyndysy umumy medal sanawynda 7-nji orny eýeledi. Bu netije öňki ýaryş bilen deňeşdirilende hem ösüşi görkezýär. 2024-nji ýylda Astanada geçirilen V Bütindünýä Çarwadarlar oýunlarynda türkmen türgenleri 4 medal gazanypdylar.
Bütindünýä Çarwadarlar oýunlary halklaryň däp bolan sport görnüşlerini we etnomedeni mirasyny ýaş nesle ýetirmek hem-de halkara derejede wagyz etmek maksady bilen geçirilýär. Ýaryşlarda dürli halklara mahsus göreş, atçylyk we beýleki milli sport görnüşleri boýunça bäsleşikler geçirilýär.
Bütindünýä Çarwadarlar oýunlarynyň nobatdaky, VII tapgyrynyň geçiriljek ýeri hem belli boldy. 2028-nji ýylda bu halkara ýaryş Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň paýtagty Kazan şäherinde geçiriler.
Rahmanberdi Çaryýew,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-niň talyby
Teswirler