Ýurdumyzda güýzlük bugdaý ekişine badalga berildi

Ýurdumyzda 2-nji sentýabrdan güýzlük bugdaý ekişine girişildi. Bu möwsümde gallaçylar ekin meýdanlarynda ýokary hasyl almak üçin degişli taýýarlyk işlerini tamamlap, ekişe girişdiler.

Şu ýyl ýurdumyzyň welaýatlarynda jemi 690 müň gektar meýdanda güýzlük bugdaý ekmek we şol meýdanlardan 1 million 400 müň tonna hasyl almak meýilleşdirilýär.

Welaýatlar boýunça göz öňünde tutulýan hasylyň esasy bölegi Ahal welaýatyna degişlidir. Bu ýerde 400 müň tonna bugdaý öndürmek meýilleşdirilýär. Mary welaýatynda 345 müň tonna, Lebap welaýatynda 310 müň tonna, Daşoguz welaýatynda 265 müň tonna, Balkan welaýatynda bolsa 80 müň tonna bugdaý hasylyny almak maksat edinilýär.

Täze ekiş möwsüminde ýokary hasylly bugdaý görnüşleri bilen bir hatarda, Oba hojalyk ministrliginiň Ylmy-barlag däneçilik instituty tarapyndan döredilen «Serdar», «Arkadag» we «Pyragy» tohumlarynyň hem ekilmegi meýilleşdirilýär.

Ekiş işleriniň öz wagtynda we ýokary hilli geçirilmegi geljekki hasylyň binýadyny kesgitleýän möhüm tapgyrlaryň biridir. Şonuň üçin ýerleri taýýarlamak, tohumlary saýlamak we ekiş işlerini agrotehniki talaplara laýyklykda geçirmek boýunça degişli çäreler amala aşyrylýar.

Bu möwsümde öňde goýlan maksatlaryň üstünlikli ýerine ýetirilmegi netijesinde ýurdumyzyň gallaçylygynyň önümçilik mümkinçilikleriniň has-da artmagyna garaşylýar.

Arzygül Kakaýewa,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-niň uly mugallymy

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok